World News in Turkmen

Ysraýylyň harby zarba urmagy bilen, Damaskda güýçli partlama sesleri eşidildi

Başar al-Asadyň rehimsiz režiminiň synmagy bilen, Ysraýylyň Siriýanyň harby desgalaryna urýan üznüksiz zarbalary baradaky habarlaryň arasynda, 10-njy dekabr güni irden Damaskda güýçli partlama sesleri eşidildi.


Düýbi Angliýada ýerleşýän uruş gözegçisi, Siriýanyň Adam hukuklary obserwatoriýasy 10-njy dekabrda, ysraýyl goşunlarynyň basylyp alnan Golan belentliginiň golaýyndaky bufer zona ýerleşdirilen wagtynda çap eden beýanatynda Ysraýylyň Siriýadaky iň möhüm harby meýdançalary weýran edendigini aýtdy. Ysraýyl hökümeti Asad ýykylandan soň gören çärelerini “howpsuzlyk” aladalary bilen düşündirdi.


Obserwatoriýa Ysraýylyň soňky iki günde, bu ýurduň harby kuwwatyny ýok etmek maksady bilen, "Siriýanyň çägine 250 töweregi howa zarbasyny" urandygyny aýtdy.


"Ysraýyl Siriýanyň howa menzillerini we ammarlaryny, uçar eskadronlaryny, radarlaryny, harby signal stansiýalaryny we dürli ýerlerde Siriýanyň hökümetine degişli bolan köp sanly ýarag we ok-däri ammaryny ýok etdi" diýip, obserwatoriýanyň beýanatynda aýdylýar.


Bu habar premýer-ministr Benýamin Netanýahuyň Ysraýylyň "Ýakyn Gündogaryň keşbini üýtgedýändigini" we öz ýurdunyň duşmanlaryny, öz sözleri bilen aýdylanda, "öz boýunlaryna dakylan ekzistensial urşy" "ädimme-ädim" ýeňýändigini aýdan wagtyna gabat geldi.


Netanýahu Asad režiminiň "Eýranyň ýaramazlyk okunyň merkezi elementi" bolandygyny aýtdy we ony Eýran bilen Liwanyň Hezbullah söweşijileriniň, ABŞ tarapyndan terrorçy diýip kesgitlenen toparyň arasynda "ýarag geçirijisini" döretmekde aýyplady. Ysraýyl Liwanda Hezbulla garşy bir aýlyk howa kampaniýasyny gurnady.


Waşington hem soňky günlerde “Yslam döwleti” toparynyň Siriýada saklanyp galan söweşijilerine garşy 75 çemesi howa zarbasyny urdy. Bu zarbalar YD söweşijileriniň soňky günlerde Assadyň ýykylmagy bilen dörän başagaýlyklardan peýdalanmagynyň öňüni almak aladasy bilen düşündirildi.


Birleşen Ştatlar soňky 10 ýylda Siriýada YD-a garşy göreşmek üçin esger saklaýar.


"[YD] bu döwri öz mümkinçiliklerini gaýtadan dikeltmek, özüne howpsuz gaçybatalga, mesgen döretmek üçin ulanmaga synanyşar" diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 9-njy dekabrda aýtdy.


"Dynç günlerinde uran takyk zarbalarymyz biziň munuň bolmagyna ýol bermezlikde aýgytlydygymyzy görkezýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.


BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi 9-njy dekabrda Siriýadaky ýagdaý barada ýapyk mejlis geçirdi. Ýapyk gapylaryň arkasynda bolan mejlisiň geçirilmegine çagyran Russiýa, Eýran bilen bilelikde, Asad režiminiň esasy goldawçysy bolupdy.


"Meniň pikirimçe, Geňeş Siriýanyň territorial bitewiligini we jebisligini goramak, asuda ilatyň goralmagyny üpjün etmek, mätäç adamlara ynsanperwer kömeginiň gelmegini üpjün etmek zerurlygy barada azda-kände birleşdi" diýip, Russiýanyň BMG-däki ilçisi Wasiliý Nebenzia ýygnakdan soň eden beýanatynda aýtdy.


BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Geir Pedersen we BMG-niň parahatçylygy goraýyş operasiýalarynyň başlygy Žan-Pýer Lakroix öň geňeşiň 15 agzasyna Siriýadaky häzirki ýagdaý barada maglumat beripdi.


Nebenzia Howpsuzlyk Geňeşiniň ýakyn günlerde bu ýagdaý bilen baglanyşykly bir "resminamasynyň" hem bolup biljekdigini aýtdy.


Şu aralykda, dünýä jemgyýetçiliginiň wakalaryň ösüşine ätiýaçlylyk bilen garaşýan wagtynda, Damaskdaky täze de-fakto dolandyryjylar ýagdaýy durnuklaşdyrmak ugrundaky tagallalaryna başladylar.


Yslamçy toparyň, Haýat Tahrir al-Şamyň (HTŞ) ýolbaşçylygyndaky gozgalaňçylar 9-njy dekabrda Başaryň kakasy Hafez al-Asad öleninden soň, 2000-nji ýylda başlanan Asad dolandyryşy döwründe harby gulluga çagyrylan harby işgärleriň ählisiniň günäsiniň geçilýändigini habar berdiler. Hafez al-Asad häkimiýeti 1970-nji ýylda ele geçiripdi.


Siriýanyň premýer-ministri, öz wezipesinde galan we täze dolandyryjylar bilen hyzmatdaşlyk etmek wadasyny beren Muhammad Gazi al-Jalali ministrler kabinetiniň agzalarynyň köpüsiniň henizem öz ofislerinde, iş orunlarynda galýandygyny aýtdy.


Jalali, gozgalaňçylaryň beýanatyna görä, biraz öň täze liderler bilen duşuşdy.


"Biz geçiş döwrüniň çalt we ýumşak bolmagy üçin işleýäris" diýip, ol Sky News Arabia teleýaýlymyna aýtdy.


Gozgalaňçy lagerden alnan habarlarda weteran syýasatçy Muhammad al-Başiriň geçiş hökümetine ýolbaşçylyk etjekdigi aýdylýar. Ol soňky bir ýyl bäri HTŞ-niň Siriýa Halas ediş hökümeti diýilýäniniň başlygy bolup işleýärdi.


Russiýa onuň özüne we maşgalasyna "syýasy gaçybatalga" berendigini yglan edeninden soň, Asadyň anyk nirededigi barada jikme-jik maglumat ýok.


Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow 9-njy dekabrda Moskwada žurnalistlere prezident Wladimir Putiniň Asada we onuň maşgalasyna gaçybatalga bermek kararyna gelendigini, ýöne özüniň bu mesele boýunça goşmaça maglumat bermäge borçly däldigini aýtdy.


"Asadyň nirededigi barada meniň size aýdyp biljek zadym ýok" diýip, Peskow sözüniň üstüni ýetirdi.


Damaskda ýaşaýan ermeni Hagop Hatçarian Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna "häzir ýagdaýyň asudalykdygyny" aýtdy.


"Men hemişe ýerli ermeniler bilen aragatnaşyk saklaýaryn, olar howpsuz, ol ýerde hiç hili mesele ýok. Häzire çenli aladaly bir mesele bolmady, ýöne geljegiň nähili boljagy belli däl" diýip, ol täze ýolbaşçylaryň azlyklara zyýan bermejekdikleri barada aýdan sözlerine ätiýaçly garaýandygyny sözüne goşdy.


Fransiýa we Germaniýa bilelikdäki beýannamalarynda özleriniň täze liderler bilen işlemäge şertli ýagdaýda taýýardyklaryny aýtdylar.


Ýewropanyň birnäçe döwleti 9-njy dekabrda siriýalylaryň gaçybatalga haýyşlaryna seretmegini togtadýandyklaryny habar berdi.

Читайте на 123ru.net