Gazagystan bilen Özbegistanyň arasynda ikinji otly syýhatçylygy gurnalýar
Gazagystan Temir žoly, ýurduň milli demirýol kompaniýasy Gazagystanyň we Özbegistanyň esasy şäherlerini birleşdirýän “Jibek Joly” (Ýüpek ýoly) 2.0 otly syýahatçylygynyň gurnalýandygyny habar berdi.
Täze syýahat otlusy 2025-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda Almatydan ugrap, 7-nji ýanwarda yzyna gaýdyp geler diýip, “The Times of Central Asia” neşiri habar berdi.
Syýahatçylyk otlusy sebitiň iň bir tanymal ýerlerinde saklanyp geçer. Mysal üçin, ýolagçylar Gazagystanyň Türküstan şäherinde tutuş bir gün bolup, gadymy şäheri we UNESKO-nyň dünýä mirasy sanawyna girilen medeni ýadygärligi, Hoja Ahmet Ýasawynyň mawzoleýini görerler.
Özbegistanda syýahatçylar Daşkentdäki, Samarkandaky taryhy ýerleri, häzirki zaman desaglaryny synlamak mümkinçiligini alar.
Syýahatçylyk otlusyndaky sapar Gazagystanyň üçünji uly şäherine, Şymkanta guralan gezelenç bilen tamamlanar.
Almaty, Türküstan we Daşkent şäherlerini öz içine alan başlangyç noýabr aýynda, dört günlük otly sapary bilen başlandy.