World News

Mezhep zorlugynda 100-den gowrak adam öleninden soň, Pakistanda ýaraşyk ylalaşygy baglaşyldy

Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Kurram sebitinde sünni we şaýy jemagatlarynyň arasynda ýitileşen duşmançylygyň arasynda, ýerli resmileriň aýtmaklaryna görä, täze ýaraşyk şertnamasy baglaşyldy.


Häkimiýetler 27-nji noýabr güni giçlik durnuksyz Haýber-Pahtunhwa sebitiniň uzakdaky taýpa etrabynda, Kurramyň esasy ýerlerinde hökümet goşunlarynyň ýerleşdiriljekdigini aýtdylar.


"Dowamly parahatçylygy üpjün etmek üçin geçirilýän gepleşikler dowam eder" diýip, sebitiň hökümet edarasynyň beýanatynda aýdylýar.


Şeýle-de, hökümet pida bolanlaryň maşgalalaryna kompensasiýa, öwez puluny tölemek wadasyny berdi.


Zorlukly wakalar 21-nji noýabrda, şahsyýetleri anyklanmadyk adamlar Kurramyň Paraçinar sebitinden geçip barýan 200 çemesi ýolagçynyň ulag kerwenini oka tutanyndan soň başlandy.

Читайте на 123ru.net