World News

'Salam, Dogan': Çagany zorlukdan gorap bolýarmy?

Çaga fiziki hem-de ruhy taýdan örän ejiz we ene atasyna doly garaşly bolsa-da, ulular tarapyndan zorluga köp sezewar bolýar.


Çagalar ulularyň agressiýasynyň dürli görnüşlerine duçar bolýar, olaryň üstüne gygyrylýar, olar urulýar. Muňa hatda kada we terbiýe hökmünde çemeleşilýär. Çagalar babatyndaky zorluga näme üçin ýol berilýär?


"Salam, Dogan!" gepleşiginiň şu günki sanynda çagalara garşy zorluk we bu problema döwletiň we jemgyýetiň çemeleşmegi temasyny dowam etdireris. 


Çagany urmagyň oňa ýetirýän ruhy we fiziki täsiri, onuň saglygyna we geljekki durmuşy üçin döredýän töwekgelçilikleri we zorlugyň düýp sebäpleri, eneleriň roly barada gürrüň ederis.


Gepleşigiň hemişeki myhmany "Saglyk programmasynyň" we "Progres" fondunyň esaslandyryjysy Aýnabat Ýaýlymowa. 




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net