World News

Türkmenistanyň prezidenti Malaýziýa sapar edýär

Prezident Serdar Berdimuhamedow 18-nji dekabrda Malaýziýa resmi sapara bardy.


Belent mertebeli myhmanyň hormatyna, uçaryň ýanynda düşelen haly ýodajygynyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi.


Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa amala aşyrýan ilkinji sapary we öňde boljak ýokary derejedäki gepleşikler özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda, onuň gerimini giňeltmekde nobatdaky tapgyr bolar diýip, habarda aýdylýar.


Berdimuhamedow 10-njy sentýabrda Aşgabatda Malaýziýanyň daşary işler ministri bilen nebit-gaz toplumyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy. Aýdylmagyna görä, Malaýziýanyň PETRONAS kompaniýasy “bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine möhüm goşant goşýar”.


Şonda prezidentiň ýyl ahyrynda Malaýziýa boljak saparyna taýýarlyk barada hem gürrüň edilipdi.


Türkmenistan bilen Malaýziýanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli pugtalandyrylýar diýip, habarda bellenýär.


Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýa 2011-nji, 2016-njy ýyllarda resmi we döwlet saparlary bilen bardy. Bu ýurduň hökümet baştutanlary Türkmenistanda 2014-nji, 2019-njy ýyllarda sapar etdi.


Bu saparlaryň dowamynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar hyzmatdaşlygyň ygtybarly şertnama-hukuk binýadyny emele getirýär diýip, TDH ýazýar.

Читайте на 123ru.net