Türkmenabatda polisiýa işgärleri dükanlardan mugtuna haryt alýarlar
Täze ýyl baýramçylygynyň golaýlamagy telekeçiler üçin girdejili döwür hasaplanýar, emma soňky günlerde türkmenabatly telekeçiler garaşylmadyk çykdajylara sezewar boldular. Birnäçe dükan eýesi ýerli polisiýa işgärleriniň özlerine basyş edýändigini we harytlary mugtuna almak bilen meşgullanýandygyny Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Polisiýa işgärleriniň dükanlardan harytlary zor bilen, tölegini tölemezden almagyna degişli ýagdaýlar Lebap welaýatynyň birnäçe etrabynda we Türkmenabat şäherinde ýüze çykypdyr. 17-22-nji dekabr aralygynda bolan ýagdaýlar barada dükan eýeleri we satyjylar biri-birinden habarsyz ýagdaýda Azatlyk Radiosyna gürrüň berdiler.
Lebaply telekeçileriň sözlerine görä, polisiýa işgärleriniň eden-etdilikli hereketlerine Türkmenabat şäheriniň Merkez, Himik, 3-nji kwartal, Himikler köşgi we Üç punkt etrapçalarynda dükan eýeleri hem-de satyjylar sezewar bolupdyr.
"Etrapçanyň asudalygyny goraýan polisiýanyň bölüminden işgär gelip, 2 kilogram mandarin, 5 kilogram kartoşka, 2 sany 150 manatlyk şöhlat, we 2 blok ýerli kola içgilerini tölegini tölemezden alyp gitdi" diýip, Merkez etrapçasynda azyk harytlar dükanynyň bir satyjysy gürrüň berdi.
Dükan satyjylary özlerinde garşylyk görkezmäge hiç hili mümkinçiligiň ýokdugyny, polisiýa işgärleriniň haýbatly gepleşýändigini gürrüň berdiler.
"[Polisiýa işgäri] dükanyň gapysyndan girip, paketleri doldurdy-da, 'başlygyň özi bilýär, bu bolýan zat barada hiç ýerde ses çykmaz diýip, umyt edýärin. Saňa we başlygyňa problema gerek däl, dogrymy?' diýdi we çykyp gitdi" diýip, dükan satyjysy gürrüň berdi.
Telekeçiler Täze ýyl baýramçylygyna adatça sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar, sebäbi baýramçylygyň öňýany söwda has gyzgalaňly geçýär. Baýramçylyk saçagy üçin azyk harytlary we sowgat üçin dürli harytlar ýylyň başga aýlary bilen deňeşdirlende has köp satyn alynýar.
Dükan eýeleri we satyjylar bu döwürde ýüze çykan ýagdaýdan nägile bolýarlar.
Himik etrapçasynyň bazarynda parfumeriýa we beýleki harytlaryň söwdasy bilen meşgullanýan bir satyjynyň sözlerine görä, dükan uly zyýan çekýär, sebäbi polisiýa işgärleri gymmat harytlary saýlap alýar.
"IIM-niň şäher bölüminden bir işgär geldi. Men ony tanamok. Dubaýdan getirlen gymmat bahaly erkekler üçin iki sany dürli atyry we "Adidas" markaly krossowkany aldy. Puluny bermän: 'Biz siz ýaly baý telekeçiler däl' diýip, gülüp çykyp gitdi" diýip, dükançy başyndan geçiren ýagdaýyny gürrüň berdi.
Üç punkt etrapçasynda ýerleşýän azyk harytlary satýan dükanynyň eýesi polisiýa işgäriniň 650 manatlyk haryt alyp gidendigini aýtdy: "Welaýatyň IIM-niň ýerzemininde tussaglara gözegçilik edýän bir polisiýa işgäri gelip, 650 manatlyk harytlary alyp gitdi. Puluny hem tölemedi. Bu ýagdaý her baýramçylykda gaýtalanýar".
Dükan eýeleriniň sözlerine görä, polisiýanyň talaňçylykly hereketleri wagtal-wagtal gaýtalanýan hem bolsa, olar arz-şikaýat etmekden saklanýarlar. Telekeçileriň we satyjylaryň aýtmagyna görä, olar kanun goraýjy edaralara arz etmekden gorkýarlar.
"MHM, polisiýa we prokuratura bir-biri bilen baglanyşykly. Olar biziň ýurdumyzda jenaýatkär ýok diýýärler, emma özleri galtamanlar ýaly hereket edýärler" diýip, Himik etrapçasynyň bazarynda söwda edýän bir satyjy aýdýar.
Polisiýa işgärleriniň eden-etdilikleri, şol sanda telekeçileri gorkuzmak we para almak ýaly hereketleri barada Azatlygyň habarçylary öň birnäçe gezek maglumat beripdi.
Türkmenistanda polisiýa işgärleriniň para almagyna degişli ýagdaýlar ýurt resmileri tarapyndan agzalmaýar, media serişdelerinde hem bu problema gozgalmaýar.
Halkara guramalarynyň hasabatlarynda Türkmenistan ýyllarboýy dünýäniň iň korrumpirlenen ýurtlarynyň hatarynda agzalýar. Para almak we bermek tejribesi ýurtdaky durmuşyň dürli ugurlarynda, şol sanda bilim, saglygy saklaýyş pudaklarynda, ýaragly güýçlerde we türme sistemasynda düýpli ornaşdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.