World News

Ýylyň jemleri 2024: Türkmen jemgyýetinde syýasy maýlama hyjuwlary batlandy

Türkmenistanda 2024-nji ýyl raýatlaryň arasynda syýasy maýylganlyk arzuwlarynyň hyjuwlanyp, aň-düşünje, pikir we söz azatlygy giňişliginde ýumşama meýilleriniň, şeýle-de has ýygjamlaşýan açyk pikir alyşmalaryň göze ilip başlan ýyly hökmünde ýatda galdy.


Jemgyýetiň tas ähli gatlaklaryny öz içine alyp, onlaýn we oflaýn giňişliklerde bolup geçen açyk pikir alyşmalar köplenç halkara arenasynda bolup geçýän wakalara, galyberse-de, ýurtda dowam edýän syýasy-ykdysady we sosial meselelere gönükdirilýärdi.   


Ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny ýakyndan synlaýan synçylar wagtal-wagtal şeýle meýillere “raýat raýdaşlygynyň pyntyk açmagy” hökmünde baha berdiler we erkin häsiýete eýe bolup barýan açyk söhbetleriň mazmunyny bolsa, “pyntyklaýan pikirler” atlandyrdylar.


Türkmen häkimiýetleri azat söz, erkin metbugat boýunça durmuşa geçirýän çäklendirmelerini saklap galdylar, şol bir wagtda Internet ulgamyndaky maglumat çeşmelerine gözegçilik işleri hem dowam etdirildi. Ýöne şeýle çäklendirmelere garamazdan, synçylar jemgyýetde maýylganlyga teşnelik meýilleriniň geçip barýan ýylda has köp göze ilendigini aýtdylar.


Açyklyga ymtylyş

Maý aýynda ýapyk Türkmenistana baryp görmegi başaran amerikaly ylym işgäri, Merkezi Aziýa meseleleri boýunça “Oksus” jemgyýetiniň prezidenti Edward Lemon Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda türkmen hökümetiniň açyklyga tarap ymtylyşlarynyň duýulýandygyny aýtdy.


“Men ol ýerden özgerişe bolan seresaply umyt duýgulary bilen gaýtdym” diýip, Lemon şonda Azatlyk Radiosyna gürrüň beripdi.


“Kynçylyklaryň hötdesinden gelip bilseler, Türkmenistanda üýtgeşiklik bolup biler” diýip, ol belledi.


Adam hukuklaryny basgylamakda tankyt edilýän türkmen hökümetiniň wekilleri şol gabatlar, megerem, ýurduň taryhynda ilkinji gezek, dünýäniň  öňdebaryjy hukuk guramalarynyň biri bolan Human Rights Watch guramasynyň wekilleri bilen Ženewada duşuşdy. Bu ýygnagyň jikme-jikligi barada maglumat berilmedi. Ýöne Türkmenistanyň hökümet edaralarynyň we döwlet gulluklarynyň maglumat çeşmeleri 28-nji maýda geçirilen bu ýygnak barada habar berdiler. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web sahypasy, Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginiň maglumat çeşmeleri bu duşuşygy üns merkezine çekdiler.




Türkmenistan metbugat azatlygynda yzdaky orunlary eýelemegi dowam etdirdi, ýöne geçip barýan ýylda bu ýurt “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň ýyllyk hasabatynda öňki ýyllar bilen deňeşdirilende bäş basgançak öňe süýşdi.


Türkmenistan bu hasabatda 180 ýurduň arasynda 2020-nji ýylda 179-njy, 2021-nji ýylda 178-nji, 2022-nji ýylda 177-nji, 2023-nji ýylda 176-njy we geçen 2024-nji ýylda bolsa, 175-nji boldy. Synçylar dünýäde soňky ýyllarda metbugat azatlygynyň ýagdaýynyň umuman ýaramazlaşýandygyny aýdýarlar.


Türkmenistandaky maýlama meýilleri ýurduň metbugat sahypalarynda şöhlelenmeýär. Raýat işjeňligi esasan sosial ulgamlarda has göze ilýär. Bu meýiller soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýurduň daşynda raýat işjeňliginiň ýygjamlaşýan pursatlaryna gabat gelýär.


Azatlyk Radiosynyň habarçylary, ýerli çeşmeler, synçylar, intelligensiýa wekilleri we beýlekiler ýylyň dowamynda şeýle meýiller barada yzygiderli habar berdiler.


Wakalar

Ýylyň başlarynda türkmenleriň arasyndaky açyk maslahatlaşmalar bilen bagly ilkinji habarlar rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň 16-njy fewralda sibir türmesinde tarpa-taýyn aradan çykmagy barada boldy. Türkmenler aç-açan görnüşde bu pajygaly wakany ýazgaryp çykyş etdiler.  


Mart aýynyň ahyrynda Türkiýede geçirilen ýerli saýlawlarda oppozisiýa partiýalarynyň Stambul we Ankara ýaly iri şäherleri eýelemegi hem Türkmenistanda raýat jemgyýetiniň muşdaklaryna “umyt” we “görelde” görkezdi. Olar özara pikir alyşmalarda ses bermegiň ähmiýetini, saýlawlaryň güýjüni ara alyp maslahatlaşdylar.


Şeýle-de, mart aýynda öz aýalyny urup öldüren gazak ministriniň kazyýet diňlenişigi hem türkmenleriň arasynda möhüm maslahatlaşmalary tutaşdyrdy. Raýatlar bu waka seredip, türkmen ýolbaşçylarynyň maşgala durmuşyna syn etmäge çalyşdylar, şeýle-de türkmen jemgyýetindäki maşgala zorlugynyň gerimini ölçermäge synanyşdylar.


Ýöne aprel aýynda türkmen häkimiýetleri açyk pikir alyşmalara garşy herekete geçip başlady. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabatda bilim resmileriniň mekdeplerde mugallymlar bilen gürrüňdeşlikleri geçirip, Türkmenistanda we halkara arenasynda bolup geçýän wakalary maslahat etmezligi, hatda bular barada hojalyklaryň öz içinde hem gürrüň etmezligi tabşyryp başladylar.


Ýöne ilat arasynda, sosial ulgamlarda, iş ýerlerinde, peýda bolýan açyk “aşhana gürrüňleri”, syýasy we sosial meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy, synçylara görä, häkimiýetleriň pikir gözegçiligi synanyşyklaryna täsir etdi.




“Türkmen režiminiň berk internet we maglumat senzurasyna, üzňelik we ýapyklyk syýasatyna garamazdan, türkmen jemgyýeti, megerem, soňky onýyllyklarda ilkinji gezek aç-açan şekilde sosial kynçylyklar hakynda köpçülikleýin şekilde gürrüň edip başladylar” diýip, aşgabatly synçy şonda Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.


Munuň yz ýany, aprelde Balkan welaýatynda tölegsiz VPN-ler petiklenip, saglyk işgärlerine sosial ulgamlardan peýdalanmak gadagan edildi.


Apreliň ahyrky hepdesinde bolsa, Ahal welaýatynda häkimiýetler döwlet edaralarynyň işgärlerinden IMO we beýleki sosial hasaplaryny ýapmagy talap edip başladylar.


Maý aýynyň ortalarynda Lebapda VPN ussalary administratiw temmilere sezewar edilip başlandy.


Şol gabatlar ýurduň dürli künjeklerine aralaşan çygly howa, dowamly ýagyşlar sosial ulgamlarda paýlaşylyp, pikir alyşmalaryň täze tolkuny gaýtadan janlanyp başlady. Häkimiýetler howa hadysalarynyň oňaýsyz netijelerini görkezýän suratlary we wideolary paýlaşýan adamlar bilen gürrüňdeşlik geçirdiler.


Pikirler

Ýerli synçylar bahar paslynyň soňky günlerinde ýurduň üzňelik syýasatyny gaýtadan gün tertibine getirip, bu boýunça jemgyýetçilik pikirlerini gozgap başladylar. Intelligensiýa wekilleri ýurtda dowam edýän syýasy doňaklygyň, üzňeligiň we ýapyklygyň türkmen döwletine we halkyna gymmada düşýändigini aýtdylar.


“Megerem, geçen çärýek asyryň dowamynda ilkinji gezek ilat arasynda, sosial mediada köpçülikleýin görnüşde ýurtdaky we dünýädäki diňe bir ykdysady, medeni, tebigy problemalar däl, eýsem, syýasy meseleler hem tas açyk, ýarym aç-açan görnüşde ara alnyp maslahatlaşylyp, diskusiýalar arkaly dile getirilip başlandy” diýip, ýerli intelligensiýa wekili iýunda Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.


Geçip barýan ýyl halkara wakalara baý boldy. Şolaryň hatarynda ABŞ-da geçirilen möhüm prezident saýlawlarynda Jo Baýdeniň iýul aýynda prezidentlik ýaryşyndan çekilmegi türkmen intelligensiýa wekilleriniň arasynda giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.


Şonda Baýdeniň ýaryşdan çekilip, öz ýardamçysy Kamala Harrisi prezident wezipesine hödürlemegi türkmen paýtagtynda intelligensiýa wekilleriniň giň goldawyna eýe boldy. Professor-mugallymlar, talyplar bu wakany giňden ara alyp maslahatlaşyp demokratiýanyň gymmaty barada pikir alyşdylar.


Aşgabatda sentýabrda bolup geçen Halk Maslahatynyň mejlisi hem synçylara görä, türkmen jemgyýetindäki syýasy ýadawlygy we syýasy doňaklygy belli bir derejede açyp görkezdi. Şonda mejlise gatnaşyjylaryň tele-kameralara ilen ýadaw bakyşlary, hatda ýygnakda oturan adamlaryň, öňki ýyllardaky berk düzgünli mejlislerden tapawutlylykda, bu gezek telewideniýede öz aralarynda gürrüňleşip oturýan halda görkezilmegi ‘maýylganlyga’ teşne jemgyýetde, belli bir derejede, umydyň alamatlary hökmünde kabul edildi.




Türkmen sosial media ulanyjylary oktýabr aýynda özbek häkimiýetleriniň yzarlamalaryndan ejir çekýän özbegistanly bloggerleriň ‘keç ykbalyna’ alada bildirip çykyş etdiler.


Häkimiýetler noýabr aýynda ýokary okuw jaýlarynyň talyplary bilen duşuşyk geçirip, ýurtdaky problemalaryň üstüni açýan wideolary we suratlary Internetde paýlaşmazlygy talap etdiler.


Bu aralykda Azatlyk Radiosynyň habarçylary dekabryň başlarynda ýurtda sosial ulgamlaryň üsti bilen prezidente ýüz tutýan adamlaryň köpelip başlandygyny, häkimiýetleriň bolsa şeýle raýatlara “mylakatlylyk” bilen jogap berýändigini habar berdiler.


Munuň yz ýany, eýsem, bu mylakatlylyk türkmen syýasatynda köp garaşylan maýylganlygyň buşlukçysy bolup bilermi diýen soraglar peýda boldy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net