World News

Täze Orleanda bir ulagly märekäniň üstünden sürüp, 15 adamy öldürdi

Täze Orleanda (ABŞ-nyň Luiziana ştatynda) bir adam 1-nji ýanwar güni irden ulagyny syýahatçylaryň köp toplanýan ýerinde gezim edýän adamlaryň üstünden sürdi diýip, CBS News we CNN ýazýar. Bu hadysada 15 adam öldi, 35 adam ýaralandy.


Bu waka ýerli wagt bilen ir sagat 3: 15-de, Fransuz kwartalynyň Bourbon köçesinde boldy. Şaýatlaryň aýtmaklaryna görä, adamlaryň üstünden maşyn süren sürüji soňra ulagyndan düşüp, mähelläni oka tutmaga başlapdyr we polisiýa işgärleri oňa gaýtawul beripdir.


"Meniň gören zadym pyýada ýörelgesiniň çep tarapyndaky adamlaryň ählisiniň üstünden sürlen ýük maşyny boldy" diýip, 22 ýaşly Kewin Garsia gürrüň berdi we şol wagt öz üstüne “bir jesediň zyňlandygyny”, ok sesini eşidendigini aýtdy.


Adamlaryň üstünden maşyn sürmekde güman edilýän sürüji öldi. Polisiýanyň metbugat sekretary Anne Kirkpatrik ol sürüjiniň bu hereketi bilkastdan edendigini we "mümkin boldugyça köp adamy maşyn bilen urmaga synanyşandygyny" aýtdy.


FBI-niň, Fedarl derňew býurosynyň maglumatyna görä, awtoulagyň sürüjisi tehasly ABŞ raýaty, 42 ýaşly Şamsud-Din Jabbar bolup çykdy. Onuň awtoulagynda “Yslam döwleti” toparynyň baýdagy, ýaraglar we elde ýasalan partlaýjy enjam tapyldy.

Читайте на 123ru.net