World News

Russiýanyň goranmak ministri Özbegistana sapar edýär

Goranmak ministri Andreý Belousow Daşkende resmi sapar edýär diýip, Russiýanyň Goranmak ministrligi habar berdi.


Russiýanyň goranmak ministri Daşkentde Özbegistanyň goranmak ministri, general-maýor Şuhrat Halmuhamedow, şeýle-de ýurduň harby-syýasy ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirer.


Goranmak ministrliginiň maglumatyna görä, "saparyň barşynda Andreý Belousow Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlygy üpjün etmek meselelerini, şeýle-de Russiýa bilen Özbegistanyň arasyndaky harby we harby-tehniki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşar."


Belousow geçen ýylyň dekabrynda NATO bilen bolup biljek harby çaknyşyklara taýýarlyk hakynda gürrüň etdi.

Читайте на сайте