25 марта 2026 года

World News in Turkmen

Март
2026
7
8
14
15
21
22
26
27
28
29
30
31

Все новости

Azathabar.com 

Uly Berdimuhamedow gazy Hytaýa artdyrmak boýunça 'bilelikdäki işleri' mälim etdi

Türkmenistan Hytaýa akdyrýan gazynyň möçberini ýarym esseden gowrak artdyrmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi we ýurtda hytaýly hünärmenleriň dowam edýän işiniň ‘giňeldiljekdigini’ aýtdy. Bu barada ozalky prezident, Halk maslahatynyň häzirki başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, 17-19-njy mart aralagynda Pekine eden sapary boýunça, Hytaýyň döwlet eýeçiligindäki CGTN telekanlyna beren interwýusynda aýtdy. Türkmen mediasy söhbeti 20-nji martda çap etdi. Energiýa bilermenleri häzir dünýäde dörän ýangyç krizisiniň arasynda Aşgabadyň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Maryda 'pristroýkalar' ýykylýar, Türkmenabatda dükanlar ýumrulýar

Mary şäherinde köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň birinji gatlarynda goşmaça salnan otaglar-pristroýkalar we köpgatly jaýlaryň öňündäki baglar ýykylyp aýrylýar. Ýaşaýjylar özbaşdak guran bu otaglarynyň ýumrulmagynyň öňüni almak üçin çäre görmäge synanyşýarlar, şol sanda häkimiýetlere ýüz tutýarlar. Edil şu günler şäheriň birnäçe ýerinde, şol sanda Kemine, Magtymguly we Atabaýew köçelerinde ýerleşýän ýaşaýyş jaýlaryň öňündäki pristroýkalary aýyrmak boýunça işler geçirilýär, ösüp-gülläp duran agaçlar we güller çapylýar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Ene-atalar çagalarynyň mekdepde tapan 'bit derdine' derman gözleýär

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, Lebap sebitindäki habarçymyz Çärjew etrabynyň birnäçe orta mekdebinde bit aladasynyň güýçlenendigini, ene-atalaryň bite garşy göreşde serişde tapman kösenýändigini habar berýär. Okuwçylaryň ene-atalary ilki iki-ýeke çaganyň saçynda tapylýan bitleriň beýleki çagalara hem geçip, sebitdäki bit ýörişiniň has giňemeginden alada galýarlar we degişli gulluklaryň geleňsizliginden nägile bolýarlar. Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmen wise-premýeri Aşgabatdaky ABŞ, Hytaý ilçileri bilen aýratynlykda duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 23-nji martda aýry-aýrylykda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud, Hytaýyň Türkmenistandaky ilçisi Szi Şumin bilen duşuşdy diýip, daşary syýasat edarasynyň web sahypasy habar berýär. Duşuşygyň dowamynda taraplaryň Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda özara gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşyp, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmen wise-premýeri Eýranyň daşary işler ministri bilen telefonda gürleşdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 23-nji martda Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Abbas Arakçi bilen telefonda gürleşdi diýip, türkmen DIM-i habar berýär. Söhbetdeşligiň başynda taraplar birek-biregi Nowruz baýramy bilen gutlap, iki ýurduň halklaryna rowaçlyk we abadançylyk arzuwlaryny beýan etdiler. Şeýle-de, Abbas Arakçiniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Eýranyň çagalaryna iberen ynsanperwerlik... Читать дальше...