World News in Turkmen

Polisiýa işgärleri awtobuslardaky ýolagçylary pagta ýygmaga mejbur edýärler

Lebap welaýatynda içerki ugurlar boýunça gatnawlary amala aşyrýan awtobuslardaky ýolagçylar soňky hepdelerde häkimiýetler tarapyndan awtobuslardan duýdansyz düşürilip, ýol ugrundaky gowaça meýdanlarynda pagta ýygmaga mejbur edilýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 6-njy noýabrda sebitden maglumat berdi.


Ýerli çeşmeler azyndan iki ugur boýunça, ýagny Türkmenabat – Kerki we Hojambaz – Türkmenabat ugurlary boýunça ýolagçy daşaýan awtobuslaryň ýol ugrunda häkimiýetler tarapyndan saklanyp, ýolagçylaryň pagta ýygmaga mejbur edilendigini aýdýarlar.




“Men awtobus bilen Kerki şäherinde ýaşaýan mamamlara gidip barýardym. Awtobus Halaç etrabynyň deňine ýetende, bizi ýol polisiýasy saklady. Sürüji we polisiýa işgäri 5-10 minut çemesi dawalaşdy. Soňra polisiýa işgäri awtobusyň içine girip, adamlardan ulagdan düşmegi we her bir ýolagçynyň 5-10 kilogram pagta ýygmagyny talap etdi” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy gürrüň berýär.


“Gaýrat edip, ulagdan düşmeseňiz we her biriňiz 5-10 kilogram pagta ýygmasaňyz bolanok” diýip, ýerli ýaşaýjy polisiýa işgäriniň ýolagçylara aýdan sözlerini sitirleýär.


Şaýatlar özlerinden pagta ýygmagy talap eden uniformaly adamyň elinde awtobus sürüjisiniň sürüjilik şahadatnamasynyň bolandygyny we sürüjiniň hem polisiýa işgärine goşulyp, “adamlar, gaýrat edeliň, haýyş! Bolmasa, ýolda galarys” diýip, pagta ýygmaga çagyryş edendigini aýdýarlar.


Aljyraňňy ýagdaýa düşen ýolagçylar ilkibaşda geň galyp, garşy çykmaga çalyşýarlar. Soňra bolsa, bu talaplar bilen razylaşyp, ýoluň gyrasyndaky gowaça meýdanyna barýarlar. Ol ýerde ozal hem ýygymçylar bar ekeni. Ýer eýesi awtobusdan düşürilip, mejbury ýagdaýda pagta meýdanyna kowlan ýolagçylara pagta ýygmaga niýetlenen ýörite ellikleri paýlap berýär. Şeýlelikde, ýolagçylar göwünli-göwünsiz ýygyma girişýärLER.


Bu waka 4-nji noýabrda bolup geçýär. Edil şol gün, sebitde beýleki bir ugur boýunça, ýagny Hojambaz – Türkmenabat ugry boýunça ýolagçy daşaýan awtobus hem ýol üstünde polisiýa tarapyndan saklanyp, bu awtobusdaky ýolagçylar hem pagta ýygmaga mejbur edilýärler.


“Awtobusdaky ýolagçylaryň arasynda pagta garşy allergiýasy bolan iki sany ýolagçy bardy. Emma polisiýa işgäri gaty rehimsiz ekeni, olary hem pagta ýygmaga mejbur etdi” diýip, hojambazly ýolagçy aýdýar.


Ol bu awtobusda hiç kimiň garşylyk görkezmeýşine, özüniň hem beýlekilere goşulyp pagta ýygmaga girişişine geň galýar.


“Hiç kim garşylyk bildirmedi. Men hem garşylyk bildirmedim. Ählimiz pagta ýygdyk” diýip, ýolagçy aýdýar.


Güýz aýlarynda bat berilýän pagta möwsüminde ýolagçy awtobuslarynyň polisiýa tarapyndan duýdansyz saklanyp, ýolagçylara pagta ýygdyrylmagy bilen bagly wakalar öňki ýyllarda hem bolup geçipdi.


Azatlyk Radiosynyň 2018-nji ýylda beren habarlarynyň birinde Daşoguz welaýatynyň käbir etraplarynda, şol sanda Boldumsaz we öňki Gubadag etraplarynda ýolagçylar awtobuslardan düşürilip pagta ýygmaga mejbur edildiler.


Ýeri gelende bellesek, Azatlyk Radiosynyň habarçysy we Lebap welaýatyndaky çeşmeleri pagta möwsüminiň sebitde “gyzgalaňly” dowam edýän günlerinde sebit merkezindäki awtobuslaryň köpçülikleýin ýygymçy daşamaga çekilendigini habar berdiler.


Bu talaplar hem, Türkmenistanda ençeme ýyllardan bäri tutanýerlilik bilen dowam etdirilýän tejribeleriň biri bolup, öňki ýyllarda-da häkimiýetler ýolagçy awtobuslaryny köpçülikleýin ýygymçy daşamaga çekýärdiler.




Azatlyk Radiosynyň merhum habarçysy Hudaýberdi Allaşow 2016-njy ýylyň güýzünde Mekan Täşliýew lakamy bilen Daşoguz welaýatyndan beren habarynda Gubadag etrabyndaky ýolagçy awtobuslarynyň köpçülikleýin ýygymçy daşamaga çekilendigini habar beripdi. Şonda ol demirgazyk sebitde öňki ýyllardan tapawutlylykda ýokary klas mekdep okuwçylarynyň hem mejbury ýygym işlerine çekilendigini habar berdi.


Sebitlerde köpçülik transport serişdeleriniň ýygymçy gatnatmaga çekilmegi, galyberse-de, etraplaryň arasynda gatnaýan awtobuslardaky ýolagçylaryň ulagdan düşürilip, olara mejbury pagta ýygdyrylmagy bilen bagly wakalar öňki ýyllarda hem gaýtalanýardy.


Ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar Türkmenistanyň pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanylmagyny yzygiderli tankyt edýärler. Ýöne türkmen režimi şeýle tankytlara gulak gabartmaýar.


“Ýolagçylaryň arasynda 10 kilogram pagta ýygan adam bolmady. Her adam ýygan bolsa, 3-5 kilogram pagta ýygandyr. Ahyrsoňy, polisiýa işgäri awtobus sürüjisiniň eline sürüjilik şahadatnamasyny berdi, biz hem ýola düşdük” diýip, Lebapda duýdansyz ýygyma çekilen ýolagçy aýdýar.


Bu aralykda, Türkmenabat – Kerki we Hojambaz – Türkmenabat aralygynda gatnaýan awtobuslardan düşürilip, mejbury pagta ýygdyrylan adamlaryň birnäçesi her bir kilogram pagta üçin 2 manat tölegiň tölenendigini aýdýarlar.


Ýatlasak, Mary welaýatyndaky ýygymçylar sähel salym öň, bu sebitde pagtanyň her bir kilogramyna 40 teňňe tölegiň tölenendigini habar berdiler. Şondan biraz öň, Balkandaky habarçy günbatar sebitde ýygnalan her bir kilogram pagtanyň zähmetine 1 manat tölegiň tölenilýändigini, ýerli häkimiýetleriň bu tölegleri 1 manat 50 teňňä çykarmagy talap edýändiklerini habar berdi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net