HRW Germaniýadan çykarylan täjik aktiwistiniň tutulandygyny aýdýar
Täjigistana iberilen ýagdaýynda tussag edilmek hem-de gynamalara sezewar bolmak ähtimallygy barada bildirilen düýpli aladalara garaman, ýakynda Germaniýadan deportasiýa edilen täjik oppozisiýa aktiwisti Dilmurod Ergaşew ýurduna gelen badyna iki aýlyk tussag edildi diýip, Adam hukuklaryny goraýan HRW guramasy 20-nji noýabrda aýtdy we Berlini onuň boşadylmagy üçin basyş etmäge çagyrdy.
Germaniýanyň administratiw kazyýeti 28-nji oktýabrda Ergaşýowyň deportasiýa edilmegini buýurdy. 40 ýaşly Ergaşew 24 toparynyň, Täjigistanda gadagan edilen oppozisiýa hereketiniň we bosgunlykdaky dissidentler tarapyndan döredilen guramanyň, Täjigistanyň özgertmeler we ösüş hereketiniň görnükli agzasy bolup durýar.
Onuň işjeňligi Berlinde geçirilen demonstrasiýalara bolan gatnaşygyny, hususan-da Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Germaniýa eden saparyna garşy guralan protest çäresindäki çykyşyny hem öz içine aldy.