Maýyplyk boýunça Ynanç hatlary esasynda awtoulag dolandyrylmagy dilden gadagan edilýär
Türkmenistanda maýyplyga degişli Ynanç hatlary esasynda ulag dolandyrylmagy bilen bagly ýagdaýlar häkimiýetler tarapyndan seljerilip başlandy. PÝGG degişli barlaglar boýunça beýanat bermeýär, ýöne Azatlygyň çeşmeleri şeýle hatlary resmileşdirmek bilen bagly käbir tejribelere ünsi çekýärler.
Hususan-da, Aşgabat ýa-da Ahal welaýatyna degişli ulaglaryň Mary welaýatynda maýyplyga degişli Ynanç hatlary esasynda dolandyrylmagy bilen bagly wakalar has köp üns merkezine çekilýär.
“Türkmenistanda maýyplygy bolan adamlaryň awtoulaglarynyň ynanç hatlary esasynda başga adamlar tarapyndan dolandyrylmagy dilden görkezme esasynda gadagan edilip başlandy” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri aýdýar.
“Uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän şeýle tejribeler iki-üç hepde bäri gadagan edilip başlandy” diýip, Mary welaýatyndan bolan beýleki bir sürüji aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy çeşmeleriň bu maglumatlaryny tassyklap, Aşgabat şäherinde hem Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri tarapyndan birmeňzeş çäklendirmeleriň girizilip başlanandygyny aýdýar.
Türkmenistanda awtoulag eýeleri öz ulaglarynyň başga adamlar tarapyndan dolandyrylmagyna rugsat bermek üçin, ýerli notariuslarda Ynanç hatlaryny resmileşdirmeli bolýarlar. Şeýle Ynanç hatlary ulag eýeleriniň diňe ýakyn hossarlaryna berlip bilinýär. Türkmen kanunçylygynda ýakyn hossarlar ata-enelere, är-aýaly, çagalary, baba-mamalary, agtyklary, süýtdeş we doly süýtdeş däl doganlary öz içine alýar.
Maýyplygy bolan adamlar ýakyn hossarlardan özge adamlara-da Ynanç hatyny berip, öz ulaglarynyň dolandyrylmagyna rugsat berip bilýärler.
Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri soňky hepdelerde şeýle tejribeleriň çäklendirilip başlanandygyny aýdýarlar.
“Aýdylmagyna görä, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň Mary welaýat şahamçasy kimleriň maýyplyk esasynda şeýle Ynanç hatlaryny resmileşdirendikleri barasynda ýerli notariuslardan degişli maglumatlary alypdyr diýýärler. Kim maýyplyga degişli Ynanç hatlary esasynda ulag dolandyrýan bolsa, şolara polisiýa tarapyndan jaň edilip, bu resminamalary öz islegleri bilen ýatyrmaklyk talap edilýär” diýip, maryly bir çeşme aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy şeýle ýagdaýlaryň esasan Ahal we Aşgabat döwlet belgisi bolup, Mary welaýatynda hereket edýän ulaglara degişli edilmegine ünsi çekýärler.
“Ýagny, seniň ulagyň döwlet belgisi Aşgabat şäherine ýa-da Ahal welaýatynda degişli, ýöne seniň özüň bolsa, Mary welaýatynyň ýaşaýjysy diýip, polisiýa işgärleri Aşgabat – Mary aralygynda Ynanç hatlary esasynda ulag dolandyrýan käbir taksi sürüjilerini sorag edýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli ýaşaýjylary sitirleýärler.
Aşgabat – Mary aralygynda ýolagçy daşaýan birnäçe taksi sürüjisi şeýle barlaglaryň güýçlenmeginiň öňüsyrasynda, magistralyň ugrunda polisiýa barlaglarynyň has-da ýygjamlaşyp başlandygyny aýdýarlar.
“Olar Mary welaýatynda ýazgyda durup, Ahal welaýatynyň ulaglarynda taksiçilik edýän adamlardan dürli bahanalar bilen 200 manat möçberinde para alyp başlapdylar” diýip, sürüjiler aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatda maýyplyk esasynda resmileşdirilen Ynanç hatlary bilen dolandyrylýan ulaglaryň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri tarapyndan jerime duralgalaryna alnyp gidilýändigini aýdýarlar.
Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlar boýunça Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugyndan resmi teswir alyp bilmeýär.
Türkmenistan ulaglara degişli dilden görkezme esasynda berilýän gadaganlyklar bilen tanalýar. Bu ýurtda gara ýa-da goýy reňkli ulaglar häkimiýetler tarapyndan gadagan edilýär. Ýol polisiýasy wagtal-wagtal, seýrek hem bolsa, hatda ulaglarda radio antennalarynyň daşyna çykarylyp-çykarylmazlygyna çenli gözegçilik edip bilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.