Täze saglyk edarasyndaky tölegler we medisina serişdeleriniň ýetmezçiligi näsaglary lapykeç edýär
Aşgabatda ýakyn wagtda ulanylmaga berlen täze Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziň tölegleri paýtagtlylaryň köpüsinde nägilelik döredýär. Ýakynda bu merkezde saglygyna seretdiren raýatlar tölegleriň aşa gymmatdygyny aýdýar.
Üstesine-de, olar merkezde iň esasy we ýönekeý derman we medisina serişdeleriniň hem tapdyrmaýandygyny belleýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji noýabrda paýtagtdan maglumat berdi.
“Bu merkezde 10 gün saglyk bejergisini almak üçin azyndan 5-6 müň manat resmi tölegi geçirmeli bolýarys. Döwlet saglyk ätiýaçlandyryş hyzmaty diňe ýatýan otagyňa ýeňillik berýär. Galan ähli tölegleri näsaglaryň özi tölemeli bolýar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Türkmenistanda ortaça aýlyk haklarynyň 2000-2500 manatdygy göz öňünde tutulanda, her bir hassa özüniň iki ýarym aý zähmet haky möçberinde töleg geçirmeli bolýar.
Merkez öýken, ýürek näsazlyklaryndan, iç we süýji kesellerden ejir çekýän we beýleki näsaglaryň saglygyny dikeltmäge gönükdirilendir. Onda dürli operasiýalar hem geçirilýär.
Paýtagtlylaryň ençemesi merkezde saglyk bejergisini almagyň onuň şu ýylyň oktýabr aýynda täze binasynyň açylyp, ulanylmaga berilmeginden soň üýtgändigini aýdýar.
“Mundan üç ýyl ozal merkeziň köne binasynda 10 günlük saglyk bejergisini almagyň tölegi häzirki tölegiň ýarysyndan hem az bolýardy” diýip, aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň köne binasy 2021-nji ýylyň ahyrynda ýumruldy.
Onuň täze binasy 2024-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berildi.
Resmi metbugat 250 orunlyk merkeziň sebitde ýeke-täkdigini, onuň dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň iň ösen enjamlary bilen enjamlaşdyrylandygyny belledi.
Ýöne merkezde saglygyna seretdiren paýtagtlylaryň ençemesi lukmançylyk edarasynda iň esasy we ýönekeý medisina we derman serişdeleriniň hem tapdyrmaýandygyny aýdýar.
“Müňlerçe manat töleg geçireniňden soňra-da, şpris, spirt, medisina pagta we damardan damja goýbermek üçin sistema ýaly ýönekeý serişdeler hem ýok. Olary hassalaryň özleri merkeziň binasynda ýerleşýän dermanhanadan erkin bazar bahasyndan satyn almaly bolýarlar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy belledi.
Bu dermanhanada käbir derman we medisina serişdeleriniň bahasy, beýleki dermanhanalar bilen deňeşdirilende, has-da gymmat.
Onuň sözlerine görä, hökümet saglyk merkeziniň täze binasynyň gurluşygyna edilen çykdajynyň öwezini näsaglaryň hasabyna doldurjak bolýana çemeli.
“Käbir hassalar Aşgabat Saglyk müdirligine şikaýatçy bolup, arza hem ýazdylar. Ýöne olary arzalary kanagatlandyrylmady” diýip, aşgabatly ýaşaýjy sözüni jemledi.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada agzalýan merkezden we Aşgabat Saglyk müdirliginden teswir almaga synanyşdy.
Ýöne redaksiýamyzyň merkeziň we müdirligiň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň websaýtynda görkezilen telefon belgilerine jaň edip, habarlaşmak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Türkmenistanyň ýolbaşçylary “saglygy goraýyş ulgamynda uly üstünlikleriň gazanylandygyny, täze-täze lukmançylyk edaralarynyň işe girizilendigini we ýurt raýatlarynyň saglygyny halkara ölçeglere laýyklykda bejermek üçin ähli şertleriň döredilendigini” ýygy-ýygydan tekrarlaýarlar.
Muňa garamazdan, habarçylarymyz ýurduň saglyk edaralarynyň zerur enjamlar bilen ýeterlik derejede üpjün edilmeýändigi, derman ýetmezçiliginiň saklanyp galýandygy we saglyk tölegleriniň gymmatdygy barada yzygiderli habar berýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.