World News in Turkmen

Balkanda we paýtagtda Bitaraplyk gününe köpçülikleýin mejbury taýýarlyklar başlandy

Türkmenistanyň häkimiýetleri 12-nji dekabrda bellenilýän Bitaraplyk gününe güýçli depginde taýýarlyk görüp başladylar.


Balkan welaýatynyň býujet işgärleri we ýaşululary bu sene mynasybetli paýtagtda geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada iberildi.


Paýtagtda giň gerimli arassaçylyk işleri geçirilýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 2-nji dekabrda Balkandan we paýtagtdan maglumat berdiler.


“12-nji dekabrda Aşgabatda bellenilmeli baýramçylyk çärelerine taýýarlyklar üçin welaýatyň medeniýet işgärleriniň tas ýarysy paýtagta iberildi” diýip, ýagdaýlardan habarly medeniýet işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.




Welaýatyň medeniýet pudagyndaky çeşmämiziň tassyklamagyna görä, şu hepdäniň dowamynda şahyrlar, harbylar, “il ýaşulusy” adyna eýe bolan ýaşulular we käbir ýolbaşçylar hem Aşgabada ugradylýar.


Habarçymyz býujet işgärleriniň we ýaşulularyň Aşgabada iberilip başlanmagy bilen, sebitde otly we uçar biletleriniň gytçylygynyň ýene ýitileşendigini, olaryň tas asla tapdyrmaýandygyny habar berýär.


“Balkandan Aşgabada otly we uçar biletlerini para berip tapmak hem kynlaşdy. Ýaşaýjylar Türkmenbaşy-Aşgabat otlusyna koridorda dik durup gitmek üçin prowodnige 500 manada çenli para berýärler” diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.


Ýaşaýjylaryň ençemesi uçar biletlerini tanyş üsti bilen 1 müň manada çenli para öwezine satyn alyp bolýandygyny, ýöne “munuň-da bagty çüwen adama nesip edýändigini” belleýär.


Bu aralykda, şu günler welaýatlardan býujet işgärlerini we ýaşululary kabul edýän Aşgabatda hem, Bitaraplyk gününe giň gerimli taýýarlyk görülýär.


Taýýarlyklar esasan arassaçylyk işleri bilen bagly bolup, paýtagtyň köçelerinde we çetki sebitlerinde ýowar geçirilýär. Ýowara býujet işgärleri we ýokary okuw jaýlarynyň talyplary mejbury gatnaşdyrylýar.


“Bir hepde gowrak wagt bäri geçirilýän arassaçylyk işleriniň çäginde müňlerçe bagyň bir metre golaý aşaky bölegi ak hek bilen reňklenýär” diýip, paýtagty býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.


Habarçymyz bu işleriň esasan Jemagat hojalygy müdirligine degişli edaralaryň arassaçylyk işgärlerini köseýändigini aýdýar.


“Biz günde 16 sagat çemesi işlemäge mejbur bolýarys. Daňdan 5-de işe girişýäris we gije sagat 9-10 töweregi işimizi tamamlaýarys. Biz goşmaça sagat işlesek-de, bize goşmaça hak tölenmeýär” diýip, arassaçylyk işgäri anonimlik şertinde aýtdy.




Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar, şol sanda işgärlerden edilýän talaplar we bilet gytçylygy barada degişli türkmen häkimiýetlerinden teswir alyp bilmedi.


Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 29-njy noýabrda geçirilen hökümet maslahatynda baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi.


Şonda wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek boýunça zerur çäreleriň görülýändigini, medeni-durmuş maksatly binalaryň daş-töwereginde, seýilgählerde, suw çüwdürimlerinde abatlaýyş we abadanlaşdyryş işleriniň yzygiderli alnyp barylýandygyny aýtdy.


Türkmenistan Bitaraplyk gününi 1995-nji ýyldan bäri her ýylyň 12-nji dekabrynda döwlet derejesinde belläp gelýär. Şu ýyl ýurt bitaraplygynyň 29 ýyllygy bellenýär.


Türkmen häkimiýetleri her ýyl bu güni müňlerçe adamyň gatnaşmagynda köpçülikleýin mejbury çäreler, konsertler we ýörişler bilen belleýär. Munuň öňüsyrasynda, giň gerimli arassaçylyk işleri we taýýarlyk maşklary geçirilýär. Paýtagtda we şäherlerde howpsuzlyk çäreleri pugtalandyrylýar. Şeýle-de, günä geçiş yglan edilýär.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net