World News in Turkmen

Berdimuhamedow türki geňeşiň media giňişligini döretmegi teklip etdi, Zaman gazetini nusga görkezdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletler Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň adynyň üýtgedilmegine, hem-de bu geňeşiň özbaşdak media giňişliginiň döredilmegine çagyrdy, 'Zaman' gazetini nusga görkezdi.


“Şu günki günüň siwilizasiýasyny ýaş nesillere geçirmegi möhüm mesele hökmünde görýärin. Şunuň bilen baglylykda, geňeşimiziň gazetini ýa-da žurnalyny, internet saýtyny döretmegi teklip edýärin” diýip, Berdimuhamedow 29-njy noýabrda geňeşiň wenger paýtagty Budapeştde geçirilen 16-njy mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.




Türkmenistan media azatlygynyň ýagdaýy boýunça halkara hasabatlarda yzly-yzyna yzdaky orunlary eýeleýär. Söz, pikir we metbugat azatlygy berk çäklendirilýän ýurtda media serişdeleri esasan diňe ösüşleri wagyz etmek wezipeleri bilen borçlandyrylýar.


Muňa garamazdan, soňky ýyllarda bu ýurtda hökümetçi elektron neşirleriň sany artdy. Bu neşirler ýurtda gazanylan ösüşleri täze tilsimler bilen taryplamaga ýykgyn edýär.


Türkmen lideri öz çykyşynda Türkmenistanda çap edilýän “Zaman” gazetini media ulgamynda türkmen-türk hyzmatdaşlygyna mysal görkezdi.


“Men sözümiň şu ýerinde “Zaman” gazeti barada nygtamak isleýärin. Biz bu gazeti Türkmenistanda Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan türk doganlarymyz bilen bilelikde çap edip başladyk. Gazet ýurdumyzda häzirki güne çenli çap edilip gelinýär” diýip, türkmen lideri aýtdy we gazetiň bir nusgasyny ýygnaga gatnaşyjylara görkezdi.


Mälim bolşy ýaly, bir döwür Türkiýäniň iň köp tiražly gazeti bolan “Zaman” gazetiniň türkmen dilli wersiýasy Türkmenistanda köp ýyllyklaryň dowamynda çap edilip gelinýär.


Türkiýede “Zaman” gazeti geçen aýda ABŞ-da aradan çykan türk din ruhanysy Fethullah Gülen bilen ilteşikli bolmakda aýyplanyp, häkimiýetler tarapyndan 2016-njy ýylyň mart aýynda ýapyldy. Ýöne gazetiň türkmen görnüşi Türkmenistanda arakesmesiz dowam etdirildi.


Okyjylar bu gazetde berk gözegçilik astynda saklanýan döwlet mediasyndan sähel tapawutlylykda dünýä medeniýeti, sungat, sport we güýmenje mazmunly maglumatlar bilen özleriniň giňişleýin tanşyp bilýändiklerini aýdýarlar.


Kameralaryň obýektiwlerine ilen kadrlardan görnüşi ýaly, Aksakgallar geňeşiniň başlygy, türk prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň ýakyn ýarany, tejribeli türk syýasatçysy Binaly Ýyldyrym Berdimuhamedowyň “Zaman” gazeti barada aýdanlaryny tas aljyraňňylyk bilen diňleýän ýaly bolup göründi.


Mälim bolşy ýaly, türk häkimiýetleri bu gazeti özleriniň 'FETO' atlandyran terror guramasynyň propagandasyny ýaýratmakda aýyplap, gadagan etdiler we gazetiň käbir žurnalistlerini tussag etdiler.


Bulardan başga-da, türkmen lideri öz çykyşynda Aksakgallar geňeşiniň adyny “Ýaşulylar geňeşi” diýip üýtgetmegi, hem-de onuň geljek ýyldaky ýygnaklarynyň birini Aşgabatda geçirmegi teklip etdi.


Türki Döwletler Guramasynyň maslahat beriji edarasy bolan Aksakgallar geňeşi 2021-nji ýylyň noýabr aýynda esaslandyryldy.


Türkmenistanyň öz içindäki syýasy giňişlikde hem ozal “Ýaşulular geňeşi” atly maslahat beriji organ hereket edipdi. Ýöne bu geňeş soňy bilen ýatyrylyp, gaýtadan Halk Maslahaty hökmünde esaslandyryldy.




Türki dilli döwletleriň arasynda esasan söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýakyn hyzmatdaşlygy nazarlaýan Türki Döwletler Guramasy soňky ýyllarda Ýewraziýa giňişliginde öňe saýlanyp barýan iri halkara guramalaryň hatarynda hasaplanýar.


Gurbanguly Berdimuhamedow öňki çykyşlarynda öz ýurdunyň geljekde, nesip bolsa, bu gurama doly bahaly agza boljakdygyny gaýta-gaýtda aýdandygyna garamazdan, Türkmenistan synçy agza bolmagynda galýar.


Berdimuhamedow guramanyň öňki ýygnaklarynyň birinde eden çykyşynda “türki ýurtlaryň garaýyşlarynyň dünýädäki syýasy ýagdaýlara” täsir etmelidigini nygtapdy.


Türkmen ýolbaşçylary türki giňişlikde örňäp barýan iri guramanyň soňky sammitiniň Aşgabatda geçiriljekdigini aýdypdylar, ýöne bu başa barmady.


Bu guramanyň agzalary, mundan ozal, umumy elipibiýini döretmek boýunça hem ylalaşypdylar. Berdimuhamedow soňky çykyşynda bu meselä-de degip geçdi:


“Türki dilli ýurtlaryň elipbiý meselesi barada aýdylanda bolsa, bilşiňiz ýaly, Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan başlap häzirki elipbiýini döwlet dolandyryş işinde, gündelik durmuşda we döwlet dilinde hem ulanyp gelýär” diýip, ol aýtdy we öz ýurdunyň Türki Döwletler Guramasynyň öňe sürýän başlangyçlaryny hemişe goldajakdygyna ynandyrmak isleýändigini belläp, çykyşyny tamamlady.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net