Özbek tikinçisi dünýäniň iň täsirli zenanlarynyň 100-lügine girdi
Özbegistanly tikinçi we telekeçi Dilorom Ýuldoşewa 2024-nji ýylda dünýäniň dürli künjeklerinden bolan hyjuwlandyryjy we täsirli zenanlaryň 100-lüginiň sanawyna girdi diýip, BBC habar berýär.
BBC-niň ýörite taslamasynyň awtorlarynyň sözlerine görä, Dilorom Ýuldoşewa iki ýyl ozal hasyl ýygnalan wagtynda bolan betbagtçylykly hadysa netijesinde iki aýagyny ýitirdi.
Bolan betbagtçylyga garamazdan, ol umytdan düşmedi we, öz tikinçilik işini açyp, ýaş aýal-gyzlara gazanç etmek mümkinçiligini döretmek kararyna geldi.
Telekeçiligiň we serişdeleri dolandyrmagyň esaslary bilen tanşyp, Ýuldoşewa 40-dan gowrak aýala tikinçilik işlerini öwretdi. Onuň kompaniýasy birnäçe aýyň içinde düýpli ulaldy we, Ýuldoşewa işçiler we mekdep okuwçylary üçin egin-eşik tikmek üçin şertnama baglaşdy.
"Şondan bäri onuň işi özi we beýleki onlarça aýal-gyz üçin girdeji çeşmesine öwrüldi” diýip, BBC ýazýar.
BBC her ýyl dünýäniň işi we durmuşy hyjuw, ylham berýän iň täsirli zenanlarynyň 100 sanysynyň sanawyny çap edýär.