Özbegistanda 615 tussagyň günäsi geçildi
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurduň Konstitusiýasynyň 33 ýyllygy mynasybetli 615 tussagyň günäsini geçmek baradaky permana gol çekdi diýip, Azattyk radiosy habar berýär.
Resmi beýanatda bellenmegine görä, günä geçiş çäresi "öz eden işlerine ökünip, düzeliş ýoluna düşen" adamlara degişli.
Resminama görä, 220 adam jeza çekmegini dowam etdirmekden doly boşadyldy, 123 adam şertli boşadyldy, 97 tussagyň jezasy has ýeňil jeza bilen çalşyryldy we 175 adamyň tussaglyk möhleti azaldyldy.
Günäsi geçilenleriň arasynda 29 aýal, ýaşy 60-dan geçen 23 adam, ýaşy 30-a ýetmedik 264 tussag, kämillik ýaşyna ýetmedik iki raýat bar.
Şeýle-de, günäsi geçilenleriň arasynda dokuz daşary ýurtly, öň gadagan edilen guramalaryň işine gatnaşan dokuz tussag bar.