Iki sürüji, Aşgabatdan "Awaza" dynç almaga barýan ene çagasy bilen ýolda öldi
Azatlygyň çeşmesi we habarçysy Türkmenistanyň ýollarynda bolýan, ýöne döwlet eýeçiligindäki metbugatda habar berilmeýän köçe-ýol hadysalarynyň ýene bir maşgalanyň gapysyny ýapandygyny habar berýär. Bu hadysa Türkmenistanda düzgün bozan sürüjilere salynýan jerimeleriň 300%-e çenli ýokarlandyrylan wagtynyň yz ýanynda boldy.
Ahaldaky habarçymyzyň anyklamagyna görä, 2026-njy ýyla geçip, maşgala bolup dynç almak üçin, bir çagaly är-aýal 2-nji ýanwar güni irden, şahsy ulag bilen, Aşgabatdan Türkmenbaşy şäherine tarap ýola çykýar.
“Awaza” milli dynç alyş zolagyna barýan maşgalanyň ähli agzasy, 1,5 ýaşyndaky çaga bilen onuň ejesi we kakasy Balkan welaýatynyň Gumdag etrabyndaky gara ýolda heläk bolupdyr diýip, 10-njy ýanwarda Aşgabadyň “Parahat -7” etrapçasynda bolup, merhumlaryň ýedisine görnen ýaşaýjy aýtdy.
Içi çagaly ulag garşydan gelýän ulag bilen 'pete-pet boldy'“Heläkçilige uçran ulagda bir zenan we adamsy, olaryň bir ýarym ýasyndaky çagasy wepat boldy. Aýdylmagyna görä, ulag ýokary tizlikde barýan wagtynda, Balkan welaýatynyň Gumdag etrabynyň gara ýol böleginde garşydan gelýän ulag bilen pete-pet çakyşypdyr. Garşydan gelen ulagyň sürüjisi hem wepat bolupdyr” diýip, ýaşaýjy aýtdy.
Ýas ýerinde bu waka şaýat bolan adamlaryň aýdan sözleri esasynda edilen gürrüňlerden çen tutulsa, ulagdan çykarylan ene-atasy eýýäm ýogalan bolsa-da, çaga entek diri eken.
Ýol hadysasyna şaýat bolan, ýöne ady aýdylmaýan adamlaryň tassyklamagyna görä, geçip barýan ulaglaryň sürüjileriniň köpüsiniň biperwaý bolmagy, heläkçiligi görüp, saklanman, batlaryny gowşatman geçip gitmekleri bu ýerde zerur bolan ilkinji kömekleri bermek üçin saklanan az sanly adamy “örän lapykeç edipdir”.
“Biperwaý bolmadyk adamlar ulaglaryny hadysanyň bolan ýeriniň deňinde saklap, ulagyň içinde ganyny sarkdyryp ýatan adamlary ulagdan çykaryp, tiz lukmançylyk kömegine jaň etdiler. Ulagyň sürüjisi we zenanasy jansyz bolsa-da, bir ýaşyndady çaga çabalanyp, bir sagatdan soň jan tabşyrdy” diýip, söhbetdeşimiz Balkanabat säherinden ugran lukmançylyk kömeginiň, “Tiz kömek” ulagynyň wakanyň bolan ýerine bir sagatdan soň gelip ýetişendigini hem sözüne goşdy.
Lukmanlaryň ilkinji kömegi 'gerek bolmady'Onuň tassyklamagyna görä, gelip ýetişen saglyk işgärleriniň ilkinji lukmançylyk kömegini bermeklerine hiç bir zerurlyk bolmady, ýol hadysasyna uçran adamlaryň bedenleri sowap, damarlary urmagyny bes edipdi. Olaryň jesetlerini morga alyp gidip, ölümleriň sebäbini anyklap, gerek bolan resmi kagyzlary taýýarlamakdan başga çäre bolmady diýip, çeşme aýtdy.
10-njy ýanwarda Aşgabadyň “Parahat – 7” etrapçasynda, merhumlaryň 2-nji ýanwar güni irden “Awazada” dynç almak üçin çykan öýünde guralan ýas çäresine gelen adamlar, ýogalanlaryň golaý garyndaşlary, goňşulary we tanyş-bilişleri üýşüp, tagam dadyp, aýat, töwwir etdiler, 2026-njy ýyl olar üçin şeýle agyr habar bilen başlandy diýip, bu habary ikinji çeşme hem tassyk etdi.
Türkmençilikde, adatça, ýas ýerinde kän gürrüň edilmeýär we gelen adamlar “Yzy ýarasyn, Alla rehmet etsin, galanlaryna ömür bersin” diýen ýaly göwünlik beriji sözleri aýdyp, ýuwaşlyk bilen dargaýarlar.
Ýerli synçylaryň käbiriniň pikirine görä, ýurtdaky biwagt ölümleriň anyk sebäpleri hakynda açyk gürrüň edilmezligi, adamlaryň bu mesele baradaky pikirlerini açyk aýdyp, metbugatda çykyş bilmezligi öňüni alyp boljak ölüm hadysalarynyň azalmagyna däl, köpelmegine alyp barýar.
Gaýgyly habarlaryň ýaşyrylmagy gam-gussany azaltmaýarTürkmenistanda bolýan ýol hadysalarynda ölýän adamlar baradaky habarlar diňe garaşsyz neşirlerde, sosial mediada giň jemgyýetçilik üçin elýeterli edilýär. Emma ol habarlar ýollarda bolýan heläkçilikli ýagdaýlary doly möçberinde göz öňüne getirmek mümkinçiligini bererden örän daşda.
Häkimiýetler bu hili habarlary halka, jemgyýetçilige jikme-jik ýetirmekden, olary habarly etmekden geçen, şeýle habarlary ýurtdan çykarýan adamlary hem yzarlaýar diýip, synçylar aýdýar.
Azatlygyň habarçysy geçen ýylyň 6-njy oktýabrynda Balkanda bolan ýol hadysalarynda azyndan iki adamyň ölüp, 18 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.
Şeýle-de, habarçylarymyz geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen howpsuzlyk çäresiniň, Ýol howpsuzlygynyň biraýlygynyň Balkanda iki sany çaganyň ýaralanmgy bilen başlanandygyny habar berdiler.
Geçen ýylyň noýabrynda gelen bir habarda aýdylmagyna görä, Aşgabatdan Lebaba barýan ataly-ogul hem öz ulaglarynda wepat boldy.
Azatlygyň söhbetdeşleriniň köpüsiniň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda ýol, köçe hadysalary “köp bolýar” we olaryň sebäpleri esasan ýollaryň “aşa ýaramazlygy”, ulaglaryň guratlygynyň pesligi, şeýle-de, sürüjilik şahadatnamalaryny para berip, okaman alýan adamlaryň köp bolmagy bilen düşündirilýär.
Ýaşaýjylar ýollaryň diňe paýtagtda we beýleki merkezi şäherleriň golaýynda gowulaşdyrylýandygyny, sebit ýerlerindäki ýollaryň heläkçilikli wakalara ‘baýdygyny’ belleýärler.
Emma Azatlygyň habarçylary bu aýdylýanlary resmi taýdan ne tassykladyp, ne-de inkär etdirip bilýär. Türkmen häkimiýetleri ýurtda çözülmeýän sosial meseleler netijesinde ýüze çykýan agyr ýagdaýlar baradaky habarlaryň üstüni, bir synçynyň sözleri bilen aýtsak, ‘gülala-güllük propagandasy bilen ýapyp, özüni aldaýar, emma halky aldap bilmeýär”.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.