Liwiýada Saif al-Islam Kaddafi – Muammar Kaddafiniň ogly öldürildi
Liwiýada ýurduň öňki lideri Muammar Kaddafiniň ogullarynyň biri Saif Kaddafiniň öldürilendigi habar berilýär. Bu barada öňdebaryjy habar agentlikleri, ýerli metbugat we arap teleýaýlymlary maglumat berýär. AFP agentligi Saif Kaddafiniň garyndaşlaryna we onuň geňeşçisine salgylanýar.
Saud Arabystanynyň Al Hadath teleýaýlymynyň maglumatyna görä, 53 ýaşly Saif Kaddafi Liwiýanyň günbataryndaky Zintan şäheriniň golaýynda öldürildi. Habarda onuň öz bagynda atylandygy aýdylýar.
Saif Kaddafi 1979-2011 ýyllarda Liwiýany dolandyran Muammar Kaddafiniň ikinji ogludyr. Saif Kaddafiniň resmi döwlet wezipesi bolmandygyna garamazdan, 2011-nji ýylda režim synýança, ol ýurduň daşary syýasat boýunça gepleşiklerine we içerki meselelerine ýolbaşçylyk edipdi.
Muammar Kaddafiniň režimi ýykylanyndan soň Saif tussag edilip, parahat ilata garşy jenaýatlarda aýyplanyp ölüm jezasyna höküm edildi. 2017-nji ýylda onuň boşadylandygy mälim boldy. 2021-nji ýylda Kaddafiniň ogly Liwiýanyň prezidentligine dalaş etmek meýillerini yglan etdi, emma saýlawlar yza süýşürildi.
Liwiýa 2011-nij ýyldan bäri raýat urşy we syýasy durnuksyzlyk ýagdaýynda ýaşaýar.