Diňle: Arzyny eşitdirmek üçin welaýatlardan paýtagta, prezident köşgüne gelýänler köpelýär
Türkmenistanda ýerli häkimiýetleriň öz arz-şikaýatlaryny kanagatlandyrmaýandygyny aýdyp, raýatlaryň köpçülikleýin häsiýetde welaýatlardan Aşgabada, prezident köşgüne gelmegi bilen bagly wakalar göz-görtele köpeldi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 13-nji fewralda paýtagtdan maglumat berdi.