World News in Turkmen

Uly Berdimuhamedow Birleşen Ştatlara sapar edýär

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary başlandy. Türkmen metbugaty bu habary 16-njy fewralda berdi, ýöne saparyň näçe günlükdigini we beýleki jikme-jikliklerini anyklaşdyrmady.

Habarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň netijelidigi, bu saparyň dürli ugurlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da öňe ilerletmek üçin möhüm boljakdygy bellenýär.

Türkmenistan ABŞ bilen hyzmatdaşlygyň hoşniýetlilik we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny we, anyklaşdyrmazdan, gatnaşyklaryň häzirki wagtda ösüşiň täze derejesine çykýandygyny aýdýar.

Şeýle-de, habarda iri amerikan kompaniýalarynyň Türkmenistanda maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändigi öňe sürülýär.

Читайте на сайте