Balkanda çagalaryň, esgerleriň arasynda gijilewük ýaýraýar, dermanlar gyt we gymmat
Balkan sebitiniň çagalar baglarynda, mekdep okuwçylarynyň, harby bölümlerdäki esgerleriň arasynda deri keselçiligi, il arasynda “çesotka” diýlip bilinýän gijilewük ýaýraýar diýip, ýerli habarçymyz we çeşmeler habar berýär.
Anonimlik şertinde gürleşen lukmanyň tassyklamagyna görä, gijelerine has beterleýän gijilewük, goturlyk ýokanç bolup, öz-özünden aýrylmaýar we hökmany suratda dermatolog lukmanyň gözegçiligi astynda bejergi alynmagyny talap edýär.
Çesotkanyň ilat arasynda ýaýramagynyň esasy sebäpleriniň biri arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmezligi, wagtly-wagtynda dogry-düzüw ýuwunmak, ardynmak üçin zerur serişdeleriň we ‘şertleriň bolmazlygy', galyberse, ýeterlik iýmitlenmeýän adamlaryň, çagalaryň, ýetginjekleriň we esgerleriň hor düşmegi bilen baglanyşdyrylýar.
Sabyn, şampun puluny tapmaýan adam köpelýär“Ilat arasynda doýa naharlanmaýan çagalar köpelýär. Harby bölümlerdäki esgerleriň arasynda azyk meseleleri saklanyp galýar. Gigiýena serişdeleri, ýuwunmak mümkinçilikleri pes. Dünýä standartyndaky sabynlary, şampunlary ulanmaga adamlaryň 98 göteriminde mümkinçilik ýok” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran saglyk işgäri aýtdy.
Onuň sözlerine görä, köp adam iň arzan, degişli hünärmenler tarapyndan maslahat berilmeýän serişdeleri ulanýar we bu ýagdaý deri keselçilikleriniň köpelmegine alyp gelýär.
“Balkanabatda il içinde “Polk ohrana” diýlip atlandyrylýan harby bölümiň esgerleriniň tas ählisine, Gyzylarbatdaky diwiziýanyň esgerleriniň ýarysyndan gowragyna çesotka ýokuşdy. Olaryň köpüsi yzyndan şampun, sabyn gelmeýän oglanlar. Köp maşgalanyň çagasyna kömek etmäge gurby çatmaýar” diýip, çeşme aýtdy.
Gyzylarbatdaky harby bölümiň pyýada goşunlar polkunyň ofiseri, ady redaksiýada bar, döwlet tarapyndan esgerleriň arassaçylyk, gigiýena zerurlyklary üçin hiç bir serişdäniň berilmeýändigini aýtdy.
Aýry-aýrylykda gürleşilen çeşmeleriň tassyklamagyna görä, esgerler bu hili serişdeleri özlerine aýda berilmeli 90 manada, esger aýlygyna satyn almaly.
Esgerleriň pullary ellerinden alynýarÝöne serkerdeleriň esgerleriň ‘aýlyk poluçkasyny’ ellerinden alýan halatlary hem az däl diýip, çeşme aýtdy.
“Munuň üçin sebäp ýa-da bahana köp, ‘esgerlere derman aldyk’, ýa-da, ‘köriçegesi aýrylan esgerleriň saglygyny dikeltmäge harçlamaly’ diýip, esgerlere gol çekdirip, olaryň ellerindäki puluny alýarlar. Esgere bir köpük berilmeýän wagty hem bolýar. Ýaş esgerler öýlerinden gelen pula-da hojaýyn bolup bilmeýär. Olaryň pullaryny uly oglanlar ellerinden alýarlar” diýip, Azatlygyň ýene bir söhbetdeşi emele gelen ýagdaýy tassyk etdi.
Esgerlere berilýän bugdaý ýarmasy, etsiz, aş atylan çorba, içi gowy bişmedik bir bölek çörek ýaş ýigitleriň bedeni üçin zerur maddalary berip bilmeýär, witaminler ýetmezçilik edýär, miweler, şerbet suwlary berilmeýär, esgerleriň arasynda aşgazan keselçiliginden, içege ýarasyndan ejir çekýän köpelýär, 1 ýyl gulluk edeninden soň, ‘negoden’ tamgasy bilen gullukdan boşadylýanlarryň sany artýar diýip, harby bölümlerdäki ýagdaýy gowy bilýän çeşme gürrüň berdi.
Emma Azatlyk, maglumat ýapyklygy sebäpli, bu aýdylýanlary ýerinde barlap bilmeýär.
Çagalar baglarynda ýaýran keselçilikler, şol sanda gijilewük keseli, arassaçylyk şertleriniň peselmegi bilen birlikde, et-ýag, süýt-gatyk, gök, miwe önümlerini ýeterlik iýip bilmeýän çagalaryň köp bolmagy bilen baglanyşdyrylýar.
Hor çagalar ýokanç keselleri 'deňinden geçirmeýär'Etiň 1 kilogramynyň 150 manada çenli gymmatlamagy, miweleriň, gök önümleriň aşa gymmat bolmagy goly ýuka maşgalalardaky ýaş çagalaryň köpüsiniň ejizlemegine getirdi, olaryň bedenlerindäki gorag kuwwaty, immunitet peseldi, çesotka, gyzamyk, dümew, sarygetirme ýaly ýokanç keselli çaga golaýyna gelse, kňp çaga wirus ýokuşyp duran boldy diýip, bir lukman aýtdy.
Öýlerinde kadaly, wagtly-wagtynda naharlanmaýan çagalaryňam, uly adamlaryň hem ysgyny ýok, immuniteti pes, köp hojalyklarda buhanka çöregi duza batyryp iýip, şonuň bilen mydar edýärler; tomusda ýapan bankalaryny açyp, tomat, warenýe iýip, güzeran aýlajak bolýan maşgalalar aşa köpeldi; halkyň köp bölegi doýa garna naharlanyp bilmeýär diýip, sebitlerdäki çeşmelerimiz aýdýar.
Deri kesellerine, şol sanda gijilewüge garşy ulanylýan dermanlar, mazlar gymmat we gyt, olaryň iň arzanynyň bahasy 500 manatdan başlanýar diýip, dermanhanadan krem satyn alyp çykan müşderi aýtdy.
Bu habar ýurduň saglyk we derman senagaty ministriniň täzelenen wagtyna gabat geldi. Emma bu häkimiýetleriň ýurtdaky keselçilikler barada syzyp çykýan maglumatlara resmi düşündiriş berjekdigini aňlatmaýar.
Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistan wagtynda guş dümewi, Covid-19 ýaly ýokanç keselçilikleriň ýurda aralaşandygyny hem inkär etdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.