Gurbanguly Bedimuhamedow öňünden yglan edilmedik sapary bilen ABŞ gitdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy we öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ sapar edýär. Resmi habarda bu saparyň ýylyň iň möhüm wakalarynyň biri diýlip atlandyrylsa-da, onuň maksady we gün tertibi agzalmady. Bu sapar ABŞ-nyň eýran režimine garşy mümkin harby çäreler bilen haýbat atyp, Eýranyň daşynda harby güýjüni artdyrýan pursadyna gabat geldi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Gurbanguly Berdimuhamedowyň ABŞ sapara başlandygyny 17-nji fewralda habar berdi. Resmi websaýtda çap bolan maglumatda Halk Maslahatynyň başlygynyň "dostlukly ýurda şu gezekki sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda täze sahypany açar" diýlip habar berilýär.
Şeýle-de, resmi habara görä, bu saparyň "ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirip, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürilmegine" ýardam etmegine garaşylýar. Emma Türkmenistanyň döwlet metbugatynda bu sapar barada çap bolan habarlarda onuň anyk senesi, maksady we gün tertibi barada düýpden maglumat berilmedi.
Resmi habar bilen bir wagtda sosial mediada ýerleşdirilen wideolarda hem Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagly aeroporta barýandygy we uçara münýändigi görkezildi.
Uly Berdimuhamedowyň bu sapary Eýranyň duldegşir goňşusy Türkmenistanyň giňişliginde ABŞ-nyň harby uçarlarynyň peýda bolandygy barada resmi taýdan tassyklanmadyk habarlaryň arasynda geçirilýär. Başda sosial mediada türk we rus hasaplarynda peýda bolan şeýle habarlaryň yzýany Azatlygyň Türkmenistandaky iki çeşmesi Jebeliň we Aşgabadyň howa meýdanlarynda birnäçe amerikan uçarynyň peýda bolandygy barada maglumat berdiler. Azatlyk Radiosy bu maglumaty garaşsyz tassyklap bilmedi.
Şu wagta çenli Waşington hem Aşgabat bu habarlary açyk tassyklamady.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy (AÝ/AR)ABŞ-nyň resmilerinden maglumat almaga synanyşdy. ABŞ-nyň administrasiýasynyň resmisi milli howpsuzlyk aladalaryny bahanalap, habarlary tassyklamakdan ýa-da inkär etmekden ýüz öwürdi. Şeýle hem AÝ/AR Döwlet departamentiniň resmisi bilen habarlaşdy, ol Döwlet departamentiniň "muny tassyklamak ýa-da inkär etmek mümkinçiliginde däldigini" aýtdy.
ABŞ-nyň we Türkmenistanyň arasynda geçen aýda howpsuzlyk meselesi ara alnyp maslahat edildi. 23-nji ýanwarda Aşgabatda ABŞ-nyň goşun ministri Deniýel Driskol ABŞ-nyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Serhio Goryň gatnaşmagynda, Türkmenistanyň prezidenti we Goranmak ministrliginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy.
Duşuşyklaryň dowamynda taraplar howpsuzlyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar we Merkezi Aziýada parahatçylygy hem-de durnuklylygy üpjün etmäge umumy ygrarlylygy tassykladylar diýip, Türkmenistanyň döwlet metbugaty habar berdi.
Aşgabatdaky gepleşikleriň jikme-jiklikleri barada maglumat berilmedi. ABŞ-nyň resmileriniň Türkmenistanda geçiren şol duşuşygy Birleşen Ştatlaryň Tähranyň hökümetine garşy harby çäre görmek baradaky haýbatlarynyň arasynda boldy. ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýranyň hökümetiniň ýanwaryň başynda dörän köpçülikleýin protestleri rehimsiz basyp ýatyrmagyna jogap hökmünde harby çäre görüp biljekdigini aýtdy.
Türkmenistanyň Eýran bilen uzynlygy 1148 kilometrlik umumy serhedi bar. Serhet Türkmenistanyň günorta we günorta-günbatar böleginde Hazar deňzinden başlap, Köpetdag dag gerşiniň we Garagum çölüniň çäklerinden geçýär.
Türkmenistanyň prezidenti wezipesinde 15 ýyllap ýurdy dolandyran Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylda döwlet wezipesinden çekilýändigini yglan edenden we onuň ogly Serdar Berdimuhamedow prezident bolandan soň hem ýolbaşçylyk ygtyýarlygyny öz elinde saklap galdy we möhüm daşary ýurt saparlarynyň käbirine hut özi gidýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.