Türkmen prezidentiniň Brýussele sapary meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Brýussele, Ýewropa Bileleşiginiň paýtagtyna boljak saparyna taýýarlyk görülýär diýip, türkmen metbugaty häzir onuň anyk senesiniň kesgitlenilýändigini habar berýär.
Berdimuhamedowyň sapar wagtynda Ýewropa Komissiýasynyň, Ýewropa Geňeşiniň we Ýewropa Parlamentiniň ýolbaşçylary, şeýle-de ýewropa komissarlary bilen duşuşmagyna garaşylýar.
Habarda bellenmegine görä, Aşgabat bilen dialogy ösdürmegiň çäklerinde, Ýewropa Parlamenti Giňişleýin hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşygy ratifikasiýa etmek meselesini ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýär.
Häzir Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk Söwda we onuň bilen bagly meseleler hakyndaky wagtlaýyn Şertnama esasynda alnyp barylýar.