World News in Turkmen

Balkanda ýaşy 60 ýetmedik býujetçilere, kanun goraýjylara we çagalara metjitlere namaza barmak gadagan edildi

Türkmenistanly dinçiler Remezan aýynda çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Balkan welaýatynda döwlet edara-kärhanalarynda ýaşy 60 ýetmedik işgärlere metjitlere namaza barmazlyk tabşyryldy. Şeýle tabşyryk kanun goraýjy edaralaryň işgärlerine hem berildi.

Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky çeşmelerine görä, Remezan aýynda metjide barmazlyk tabşyrygy dilden edilipdir, hiç hili resmi düzgün ýa-da kanuny esas görkezilmändir.

"Metjitlerde şu gün 1-nji tarawa namazyny okap başladylar. Emma namaz okamaga ýaşy 60 ýetmedik býujet işgärlerine, aýal maşgalalara, ýaş çagalara barmagyň gadagandygy öňünden duýduryldy. Diňe býujet edaralarynda işlemeýänleriň we pensiýa ýaşyndaky adamlaryň köpçülik bolup namaz okamagy dogry diýip, düşündirdiler" diýip, balkanly bilim işgäri 17-nji fewralda gürrüň berdi.

Metjide barmak gadagançylygy barada güýç edaralaryň we işgärlerine-de we harbylara duýduryş berlipdir.

Balkanly polisiýa işgäri köp ýyl bäri kanun goraýjy işgärlerine metjitlerde we iş ýerlerinde namaz okamagyň gadagan edilip gelinýändigini, ýöne başlyklaryň okamaga gizlin rugsat berendigini ýa-da görmedik bolýandygyny belledi. Emma, onuň sözlerine görä, fewralyň başyndan bäri onuň işleýän edarasynyň ýolbaşçysy polisiýa işgärlerine, harbylara, beýleki býujet edaralarynda işleýänlere, şeýle-de dinçilere we namaz okaýan çagalara dini ybadatlaryny berjaý etmek gadagançylygynyň ýene-de pugtalandyrmagyň ýokardan talap edilendigini aýdypdyr.

Türkmenbaşydaky Deňiz institutynyň harby studentlerine we mugallymlaryna namaz okamaga rugsadyň ýokdugy aýdyldy diýip, ýene bir balkanly çeşme habar berdi.

"Namazhon harby talyplar, mugallymlar aşa radikal yslamçylykda şübhelenip bilner, diýip, olaryň okuwdan we işden kowulmagy bilen haýbat atyldy" diýip, harby gürrüň berdi.

"Harbylar 52 ýaşda zähmet rugsadyna pensiýa gidýärler. Siz 52 ýaşdan soň namaz okasaňyzam ýetişýäňiz. Häzir dünýäniň yranyp duran wagtynda dindarlar sebäpli bize mesele gerek däl" diýip, harby çeşme edara ýolbaşçysynyň sözüni sitirledi.

Şu günler raýatlaryň metjitlere barmagyna degişli çäklendirmeler barada din wekilleri hem wagyz edýärler. Balkanly ýaşaýjylaryň sözlerine görä, metjitlerde edilýän wagyzlarda "çagalaryň we zenanlaryň jemagat bolup namaza gelmegi dogry däldigi" aýdylýar.

"Bu ýyl metjitlere Türkmenistanyň müftüsiniň karary esasynda baýram namazyna baran 12 ýaşdan kiçi çagalar goýberilmedi we dindarlara, Oraza aýynyň dowamynda Tarawa we Juma namazlaryna çagalaryny ýany bilen getirmek gadagan edildi. Munyň sebäbini metjidiň ymamlary, Remezan aýynda, metjide namaz okamaga gelýän adam sanynyň köp bolup, metjitde ýeriň ýokdugy bilen düşündirdi" diýip, çeşme aýtdy.

Ýaremezan, sadaka, dilegçilikTürkmenistanda Remezan aýy şu ýyl 18-nji fewralda başlanýar we 19-njy marta çenli dowam eder.

Azatlygyň Balkandaky çeşmeleri eýýäm birnäçe gün bäri ýerli metjitleriň daşynda dilegçilik edýän zenanlaryň we çagalaryň örän köpelendigini 17-nji fewralda habar berdi.

"Balkanyň baş metjidiniň daş töweregi sadaka sorap gelen elleri ýaş çagaly dilegçi zenanlardan, ýaremezan aýdymy bilen pul soraýan çagalardan doldy. Metjide baran her bir adama bir dilegçiden deň geldi" diýip, çeşmeleriň biri aýdýar.

Ýerli ýaşaýjylaryň Azatlyga gürrüň bermegine görä, çagalaryň topar bolup, ýaremezan aýtmak däbi şu ýyl köp maşgalalary begendirmeýär. Ilatyň durmuş derejesiniň peselmegi zerarly köp hojalyk maddy kynçylyklary başdan geçirýär.

"Her ýyl Remezan aýynyň başlanmagyna üç gün galanda çagalar topar-topar bolup, goňşy öýlere aýlanýardy we ýaremezan aýdýardy. Öňden gelýän däbe görä, çagalar şeýdip, süýjüdir, köke, şekerli patrak, ownuk pul paýlaryny alyp, begenýärdiler. Emma bu ýyl hojalyklaryň maddy ýagdaýynyň öz hojalyklaryny bol elin iýdirmäge ýagdaýy bolman, gapylary kakylsa, adamlar utanjyna gapylaryny hem açmaýarlar" diýip, balkanabatly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Balkanabatda howpsuzlyk çäreleri hem güýçlendirildi, şol sanda sişenbe güni welaýatyň baş metjidiniň ýerleşýän köçesi 19:00-dan 21:30-a çenli ýapylypdyr. Remezan aýynyň dowamynda köçeleriň "wagtyna görä üýtgäp" gezek gezegine ýapyljakdygy ilata habar berlipdir.

Türkmenistanda ilatyň köp üýşýän ýerlerine, şol sanda metjitlere gözegçilik edilýär. Dini baýramçylyk günlerinde metjitler häkimiýetleriň üns merkezinde bolýar we dürli çäklendirmeler girizilýär. Geçen ýyl metjitlere barýan raýatlardan mobil telefonlary getirmezlik talap edildi we telefonlary ellerinden alyndy.

Dinçileriň görýän basyşy we kanundaky hukugyGeçen ýyl mart aýyna gabat gelen Remezan baýramynda metjitlerdäki namaza baran zenanlar basyşa sezewar edildi. Döwlet edaralarynda işleýän zenanlaryň ençemesi tarawa namazyna barandygy sebäpli öz arzasy bilen işden çykmaga mejbur edildi.

Azatlygyň habarçylaryna görä, hususan-da, Balkanabatda metjidiň daşynda gözegçilik eden güýç edaralaryň işgärleri namaza baran zenanlary we ýetginjekleri saklap, olary polisiýa bölümine alyp barydyr. Başy örtülen, hijap dakynan zenanlar aýratyn otaga salnyp, sorag edildi we olara paýyş sözler aýdylyp, olaryň hijaplary kellerinden çekilip aýrylypdyr.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 41-nji maddasynda her bir adamyň özüniň dine garaýşyny özbaşdak kesgitleýändigi, onuň ýeke özi ýa-da beýleki adamlar bilen bilelikde islän dinine uýmaga ýa-da hiç bir dine uýmazlyga haklydygy nygtalýar. Emma Türkmenistanyň hökümeti raýatlaryň esasy azatlyklaryny, şol sanda din-wyždan azatlygyny çäklendirýändigi üçin ýyllarboýy halkara guramalarynyň tankytlaryna sezewar edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте