World News in Turkmen

Gyrgyz prezidenti Taşiýewiň dostuny Oş şäheriniň häkimi wezipesinden boşatdy

Gyrgyzystanyň günortasyndaky uly şäheriň häkimi täzelendi.

Prezident Sadyr Žaparow Oşuň şäher häkimi Ženişbek Toktorbaýewi wezipesinden boşadyp, onuň ýerine parlamentiň öňki agzasy Žanarbek Akaýewi häkim wezipesine belledi.

Öňki häkim Milli howpsuzlyk döwlet komitetiniň 10-njy fewralda wezipesinden boşadylan başlygy Kamçybek Taşiýewiň ýakyn adamlarynyň biri hasaplanýardy.

Premýer-ministr Adylbek Kasymaliýew 19-njy fewralda Žanarbek Akaýewi şäher häkimliginiň işgärleri bilen tanyşdyrdy.

Toktorbaýewiň wezipesinden aýrylmagy bäş ýyldan gowrak dowam eden Žaparow-Taşýew ýaranlygy bozulaly bäri bolup geçen köp sanly kadr çalyşmalarynyň diňe biri bolup durýar. Mundan öň parlamentiň başlygy we üç ministr wezipesinden gyrakladyldy. Beýleki ministrliklerde hem kadrlar üýtgeşmeleri boldy.

Oş şäheriniň täze häkimi Žanarbek Akaýew 39 ýaşynda. Ol Oş döwlet uniwersitetini tamamlady. 2008-nji ýyldan 2015-nji ýyla çenli Azattyk radiosynyň Oş, Bişkek we Praga ofislerinde žurnalist bolup işledi, "Azattyk+" ýaşlar programmasyny we "Amatsyz soraglar" telewideniýe programmasyny alyp bardy. 2015-nji ýylda ol prezidentiň metbugat sekretary bolup (Almazbek Atambaýewiň döwründe), alty aý çemesi işledi.

Читайте на сайте