ABŞ bilen Eýran harby çaknyşyk howpunyň fonunda Ženewada möhüm ýadro gepleşiklerine başlady
ABŞ-nyň we Eýranyň resmileri 26-njy fewralda Ženewada ýadro boýunça gepleşiklere başladylar. Bu duşuşyga iki garşydaş tarapyň arasynda uly göwrümli harby çaknyşygyň öňüni almak we ýadro ylalaşygyna ýetmek boýunça “soňky mümkinçilik” hökmünde garalýar.
Gepleşikleriň üçünji tapgyry ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Eýranyň ýadro maksatnamasyny çäklendirjek ylalaşyk gazanylmasa, harby çäre görmegiň mümkinçiliklerini göz öňünde tutýan döwründe geçirilýär. Bu aralykda, Yslam Respublikasyna zarba urmaga ýeterlik aralykda iki amerikan uçar göteriji gämi topary ýerleşdirildi.
Eýranyň daşary işler ministri Abbas Aragçi Ak tamyň wekili Stiw Witkoff we Trampyň giýewisi Jared Kuşner bilen gepleşik geçirýär. Öňki tapgyrlarda bolşy ýaly, Oman wekilleri araçy bolup çykyş edýär.
Taraplar şu aýyň başynda Ommanda göni däl formatda gepleşik geçiripdiler. Bu iýun aýynda gysga wagtlaýyn çaknyşyk döwründe Ysraýyl we ABŞ tarapyndan Eýranyň esasy ýadro desgalary bombalanandan soň geçirilen ilkinji gepleşik boldy. Ikinji tapgyr 17-nji fewralda Ženewada geçirildi.
Şol iki tapgyr öňegidişlik getirmedi, esasy çapraz meseleler henizem çözülmän galýar.
Gepleşiklerde ABŞ Eýranyň urany baýlaşdyrmagy doly bes etmegini we ýokary derejede baýlaşdyrylan, takmynan 400 kilogramlyk uran goruny tabşyrmagyny talap edýär. Bu ädimler Tähranyň ýadro ýaragyny ýasamak mümkinçiliginiň öňüni almagy maksat edinýär.
Tähran ýadro maksatnamasynyň elektrik öndürmek ýaly parahatçylykly, raýat maksatlaryna gönükdirilendigini tekrarlaýar.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio 25-nji fewralda Eýranyň häzirki wagtda urany “baýlaşdyrmaýandygyna” garamazdan, ýadro maksatnamasynyň “käbir böleklerini täzeden dikeltmäge” synanyşýandygyny aýtdy.
Rubio gepleşikleriň Eýranyň ýadro maksatnamasyna gönükdiriljekdigini aýtdy, ýöne Tähranyň raketalaryny hem “gepleşiklerde ara alnyp maslahatlaşylmalydygyny” belledi. Onuň sözlerine görä, Eýranyň sebitde ýerleşýän ABŞ bazalaryna ýetip bilýän “gysga aralyga niýetlenen müňlerçe ballistik raketasy” bar.
Ol 24-nji fewralda Trampyň döwlet ýagdaýy baradaky çykyşynda Eýranyň “ýakyn wagtda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ýetip biljek raketalary gurmak işleýändigi” baradaky sözleriniň olaryň häzirki wagtda şeýle ýaraglara eýedigini aňlatmaýandygyny, emma “açyk şekilde bir gün ABŞ-nyň esasy bölegine ýetip biljek ýaraglary ösdürip biljek derejä barýan ýol bilen barýandygyny” aýtdy.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Esmail Bagaei 26-njy fewralda göni däl gepleşikleriň diňe Tähranyň ýadro maksatnamasyna bagyşlanjakdygyny aýtdy.
Omanyň daşary işler ministri Badr Albusaidi 26-njy fewralda ABŞ-nyň we Eýranyň resmileriniň “täze hem döredijilikli pikirlere we çözgütlere öň görlüp-eşidilmedik derejede açyklygyny” beýan edendigini aýtdy.
Eýran ABŞ sanksiýalarynyň ýatyrylmagy we urany baýlaşdyrmaga hukugynyň ykrar edilmegi üçin belli bir eglişiklere gitmäge taýýardygyny yşarat etdi.
26-njy fewraldaky gepleşikleriň öňüsyrasynda Aragçi ylalaşygyň “elýeterlidigini, emma munuň diňe diplomatiýa ileri tutulsa mümkindigini” aýtdy.
Aragçi şeýle hem Eýranyň “hiç bir ýagdaýda ýadro ýaragy döretmejekdigine” wada berdi, emma ýurduň “parahatçylykly ýadro tehnologiýasynyň önümlerinden peýdalanmak” hukugyny nygtady.
Tramp 24-nji fewralda döwlet ýagdaýy baradaky çykyşynda Eýrana garşy mümkin hüjüm baradaky garýyşlaryny beýan edene çalym edip, “dünýäde terrorçylygy iň köp goldaýan” döwletiň ýadro ýaragyna eýe bolmagyna ýol bermejekdigini aýtdy.
Tramp Tähranyň ýadro maksatnamasyny täzeden dikeltmek isleýändigini we “häzirki wagtda ýene-de howply ýadro meýillerini yzarlaýandygyny” aýtdy. Tähran muny ret etdi.
Ženewadaky gepleşikler Trampyň Tährana garşy harby çäre görmek baradaky birnäçe gezek gaýtalan haýbatlaryndan soň geçirilýär. Ilkibaşda bu haýbatlar ýanwarda Eýranyň köpçülikleýin protestleri güýç bilen basyp ýatyrmagy bilen bagly boldy, soňra bolsa ýurduň ýadro maksatnamasy bilen baglanyşyklylykda gaýtadan güýçlendi.
Dünýäniň iri döwletleri 2015-nji ýylda Eýranyň ýadro ýaragynyň öňüni almak üçin Tähran bilen taryhy ýadro ylalaşygyny gazanypdy.
Şol wagt Günbataryň ykdysady sanksiýalary ýumşadyldy. Emma Tramp ilkinji prezidentlik möhletinde, 2018-nji ýylda, şol ylalaşykdan çykyp we sanksiýalary gaýtadan girizenden soň, Eýran öz borçnamalaryndan el çekip başlady.