Balkanabadyň sürüjilik mekdebinde rugsatnama almagyň şertleri 'çylşyrymlaşdy'
Türkmenistanda awtoulagy dolandyrmak isleýän raýatlar sürüjilik resminamasyny almakçy bolanda dürli kynçylyklara sezewar bolýarlar, aýratynam zenanlar üçin mümkinçilikler örän çäkliligine galýar. Azatlygyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň soňky maglumatlaryna görä, Balkanabatda sürüjilik mekdepleri kabul edýän erkek adamlaryň sanyny hem esli azaldypdyr.
"Awtoulag sürmek üçin taýýarlyk berýän mekdepler zenanlar bilen bir hatarda erkek raýatlary hem okuwa kabul etmegini çäklendirdi we olaryň sanyny azaltdy. Sürüji şahadatnamasynyň berilmegi hem çylşyrymlaşdyryldy" diýip, balkanabatly çeşme 25-nji fewralda habar berdi.
Balkanabadyň sürüjilik mekdebindäki ýagdaýdan habarly birnäçe çeşmäniň maglumatyna görä, her okuw möwsüminde adatça 80 okuwçy kabul edilýän bolsa, indi diňe 40 sany okuwçy okuwa alynypdyr. "Bu bolsa bolmalysyndan iki esse az" diýip, çeşmeler, olaryň ählisiniň erkek adamlar bolup, arasynda zenanlaryň düýpden ýokdugyny belleýär.
Şeýle-de, sürüjilik mekdebine üç aýlyk kabul edilen raýatlardan sapaklary sypdyrman, ählisine gatnamak talap edilipdir.
Sürüjilik mekdebine alynýan okuwçylaryň sanynyň azaldylmagy sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin soralýan paranyň möçberiniň artmagyna getiripdir.
"Bu, mekdepde paranyň iki esseden köp ýokarlanmagyna getirdi. Indi erkek adamlardan alynýan paranyň mukdary 3 müň manatdan 7 müň manada çenli ýokarlandy" diýip, çeşmeleriň biri aýtdy.
'Okuwyň hilini gowulandyrmak'Mekdepdäki ýagdaýdan habarly başga bir çeşme okuwa kabul edilen raýatlaryň sanynyň azaldylmagyny olara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen düşündirdi.
Emma şeýle düşündirişe şübheli garaýan raýatlar hem bar.
"Sürüjileriň biliminiň hilini gowulandyrmak maksadynda okuwçylar sanynyň azaldylandygy aýdylýar, ýöne okuw merkezlerinde aýratyn bilim berýän mugallym ýok, okuwçylardan her gün awto mekdebe gelmek talap edilse-de, olaryň 3 sagadyny boş oturyp gitmekden başga edýän zatlary ýok" diýip, balkanabatly çeşme aýdýar.
Onuň sözlerine görä, sürüjilik mekdebine degişli okuw-tejribe ulaglaryň birnäçesi döwük bolup, amaly-okuw geçirilmeýär.
"Gaýtam 20 minut okuwa gijä galan raýatlary okuwdan çykarmak haýbaty bilen para alyp, her bir ýagdaýdan öz bähbitlerine ulanýarlar" diýip, çeşme anonimlik şertinde gürrüň berdi. Ol sürüjilik mekdeplerinde okuwyň hiline üns berilmese we korrupsiýa garşy çäre görülmese köçelerdäki düzgün bozulmalar we ýol hadysalary azalmaz diýip, pikirini paýlaşdy.
'Dokumentsiz ulag dolandyrýarlar'Azatlyk Radiosy Balkanabadyň sürüjilik mekdebinden resmi görnüşde teswir alyp bilmedi. Emma bu ýagdaýy tassyklan balkanly polisiýa işgärleriniň biri şäheriň köçelerinde sürüjilik şahadatnamasy bolmadyk ýaşlaryň, şol sanda gelin-gyzlaryň köpelendigini gürrüň berdi.
"Soňky aýlarda Balkanyň iri şäherlerinde şol sanda welaýat merkezinde ýaşy 25-35 ýaş aralygyndaky ýaşlar, sürüjilik şahadatnamasyz ulag dolandyrýan ýaş gyz-gelinler köpeldi" diýip, polisiýa işgäri olaryň köplenç welaýatyň kanun goraýjy edaralarynda we ýol polisiýasynda tanyşlary bolan raýatlardygyny gürrüň berdi.
"Eger Aşgabatdan barlag gelýän bolsa, olara köçä ulagda çykmazlyk tabşyrylýar" diýip, polisiýa işgäri galan wagty sürüjilik resminamasy bolmadyk raýatlaryň tanyş-bilişlikden peýdalanyp welaýatyň çäginde dokumentsiz ulag dolandyrýandygyny belledi.
Türkmenistanda sürüjilik resminamalarynyň berilmegi bilen bagly parahorluk we tanyş-bilişlik bilen bagly problema köpden bäri dowam edýär. Emma bu mesele ýurt resmileri we döwlet mediasy tarapyndan agzamaýar. Ýurtda bolýan awtoulag heläkçilikleri, şol sanda adam pidalaryna getirýän ýol hadysalary barada hem habar berilmeýär.
Soňky 10 ýyla golaý wagt bäri aýallaryň sürüjilik resminamasyny almak mümkinçiligi çäklendirilýär.
Aýallaryň ulag sürmek hakyTürkmen polisiýasy 2017-nji ýylda zenanlaryň sürüjilik dokumentlerini eden-etdilikli ellerinden alyp başlapdy, we şondan soň ýurtda birnäçe ýyllap zenanlara sürüjilik dokumentini bermek ýüz öwrüldi. Gender deňligi kanun taýdan kepil geçilen ýurtda ýüze çykan we resmi taýdan boýun alynmadyk bu çäklendirmeleriň sebäbi birnäçe ýyllap düşündirilmedi we 2023-nji ýylda resmi derejede agzaldy.
Şonda BMG-nyň Ženewada geçiren uniwersal döwürleýin synynyň 44-nji mejlisinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekili G.Weliýew "ýurtda hiç bir ygtyýarnamasyz maşyn sürýän köpsanly aýalyň tapylandygyny, howpsuzlygy üpjün etmek üçin derňew başlanyp, şol döwürde aýallaryň ulag sürmek ukybynyň wagtlaýyn togtadylandygyny" aýtdy.
Soňky ýyllarda aýallaryň sürüjilik resminamasyny almagyna belli bir derejede mümkinçilik döredi, emma awtoulag sürmek üçin aýallaryň ýaşynyň başda 40, soňra 34 bolmagy, olaryň durmuşa çykan bolmagy, şeýle-de iş ýerinden gowy häsiýetnama getirmegi ýaly çäklendiriji talaplar ýöredildi.
Azatlyk Radiosy bilen gepleşen türkmenistanly zenanlar sürüjilik resminamasyny almak üçin gyz-gelinleriň daşary ýurtlara, sol sanda goňşy Gazagystana gidýändigini gürrüň berdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.