Iň gowy etrap saýlanan we $1 million bilen sylaglanan Köneürgençde ilat tapgyr üçünji gün toksuz kösenýär
Türkmenistanda 2025-nji ýylda ýurduň iň gowy etraby saýlanan we 1 million ABŞ dollary bilen sylaglanan Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda ilat indi tapgyr üçünji gün elektrik energiýasyz kösenýär.
Ýaşaýjylar howanyň temperaturasy gijelerine -7 gradusa çenli sowaýan şu günlerde ýerli häkimiýetleriň elektrik üpjünçiligini dikeltmäge howlukmaýandygyny aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 27-nji fewralda sebitden maglumat berdi.
“Köneürgenjiň aglaba böleginde 25-nji fewralda irden sagat 11-den bäri tok ýok. Ilatyň gündelik durmuşy bökdedi. Adamlar ähli esasy oňaýlyklardan mahrum boldy. Elektrik peçleri işledip bolmaýar. Merkezleşdirilen ýyladyş ulgamlary kadaly işlemeýändigi sebäpli, jaýlaryň, otaglaryň içi buz ýaly. Agşam çagy öýleriň içi garaňky” diýip, ýagdaýlardan habarly etrap ýaşaýjysy anonimlik şertinde aýtdy.
Ýerli ýaşaýjylaryň käbirleri etrapda elektrik energiýasy bar bolan ýerlerden, ýagny demirýol menzilinden, poçta binasyndan ýa-da ulaglarynyň berýän togundan peýdalanyp, zerurlyklaryny üpjün edýärler, mobil telefonlaryny doldurýarlar.
“Käbir hojalyklar benzin ýa-da dizel generatorlary arkaly tok alýarlar. Ýöne bular ýaly mümkinçilik köp hojalykda ýok” diýip, ýagdaýlardan habarly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
"Siz ýalňýş belgä aýladyňyz"Elektrik üpjünçiliginiň kesilmegi etrabyň köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň köpüsinde agyz suw üpjünçiliginiň hem kesilmegine getirdi.
“Adamlar etrapda suw bar ýerlerden, ýa-da birinji gatlardan we hojalyk, howly jaýlarda ýaşaýan tanyş-bilişlerinden suw daşaýarlar” diýip, ýaşaýjy sözüne goşdy.
Etrabyň aglaba böleginde elektrik üpjünçiliginiň köpçülikleýin kesilmeginiň sebäbi barada ýerli häkimiýetler, şol sanda elektrik üpjünçilik edarasy tarapyndan ilat köpçüligine aç-açan düşündiriş berilmeýär.
Müňlerçe hojalygyň ýaşaýan etrabynda indi üç gün bäri dowam edýän elektrik bökdençligi barada Daşoguz welaýat häkimliginiň resmi web sahypasynda hem haýsydyr bir maglumat göze ilmeýär.
Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi “Daşoguzenergo” önümçilik birleşiginiň ýerli edarasynyň hem, öz telefon jaňlaryna jogap bermeýändigini aýdýar.
“Adamlar yzygiderli jaň edýär, ýöne telefony alanoklar. Käte kärhananyň müşderileriň janlaryna jogap berýän bölüminiň nobatçylary ilatyň janlaryna jogap beren ýagdaýynda hem, ‘siz ýalňýş belgä aýladyňyz’ diýip, jogap berýär we telefony taşlaýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlygyň “Daşoguzenergo” önümçilik birleşiginiň etrapdaky edarasyna yzygiderli eden jaňlaryna 27-nji fewralda öýlän sagat 1-den 4-e çenli hiç kim jogap bermedi.
"Ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp..."Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýlip yglan edildi we Köneürgenç etrabynyň häkimligi 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglandy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow bu baradaky buýruga 13-nji fewralda gol goýdy we ýurduň Merkezi bankyna pul baýragyny Türkmenistanyň Altyn asyryny ösdürmegiň döwlet gaznasynyň serişdelerinden bölüp bermegi tabşyrdy.
Ýerli ýaşaýjylaryň we synçylaryň ençemesi agzalýan görkezijiler boýunça “ýokary netijeleriň” hakykata gabat gelmeýändigini, etrabyň ýyllarboýy ünsden düşürilýändigini aýdýar.
“Elektrik energiýasy ýygy-ýygydan kesilip durýar. Hatda onuň güýjüniň peselip, beýgelip durmagy zerarly, elektrik bilen işleýän hojalyk enjamlary yzly-yzyna hatardan çykýar. Etrap ýollarynyň köpüsi zaýa bolup, ilatyň sosial-durmuş ýagdaýy hem gowulanmaýar. Agyz dolduryp, gowy etrap saýlandy, pul berdik diýenlerinden, hökümet bizi kadaly tok, Internet bilen üpjün etse, ýollarymyzy bejerip berse gowy bolardy” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.
"Mekdep binalary gözgyny ýagdaýda"Mundan başga-da, ol etrabyň orta mekdepleriniň binalarynyň juda könedigini we gözgyny ýagdaýdadygyny, olaryň düýpli abatlaýyş işlerine mätäçdigini hem belledi.
“Mekdep binasynyň diwarlary gopup, äpişgeleri çat açan we aýnalary döwlen. Synplary sowukdan goramak üçin mekdep işgärleri döwlen aýnalara, çat açan äpişgelere plastik paketleri örtüp, otaglaryň ýylylygyny saklamaga çalyşýarlar” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Azatlykda bu mekdebiň belgisi we ýerleşýän ýeri barada doly maglumat bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli ony köpçülige mälim etmekden saklanýar.
Redaksiýamyz bu aýdylanlar barada resmi teswir almak üçin Daşoguz welaýat häkimliginiň resmi web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine jaň etdi. Ýöne 27-nji fewralda yzygiderli eden jaňlarymyza hiç kim jogap bermedi.
Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda iň gowy etrap saýlamak we ony $1 million bilen sylaglamak tejribesini 10 ýyldan gowrak wagt bäri dowam etdirýärler. Resmi media görä, bu sylag, ýurtda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanan etraba berilýär. Ýöne ýerli ýaşaýjylar we synçylar bularyň hakykata gabat gelmeýändigini, şeýle-de etrap pul sylagyny alandan soňra-da agzalýan görkezijileriň gowulanmaýandygyny aýdyp gelýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.