Eýrandan çykan rus raýatlarynyň sekizisi Türkmenistan ugruny ulandy
Rus raýatlarynyň sekiz sanysy Eýrandan çykmak üçin Türkmenistanyň üstünden geçýän ugry ulandy diýip, döwlet eýeçiligindäki TASS habar gullugy 2-nji martda, Russiýanyň Aşgabatdaky konsullygynyň geňeşçisi we başlygy Igor Samoşkine salgylanyp habar berdi.
"Düýn sekiz russiýaly “Sarahs” gözegçilik nokady arkaly serhetden geçdi. Türkmenistan tarapy olary Aşgabada getirip, myhmanhana ýerleşdirdi. Elbetde, biz olary garşyladyk we ýerleşdirmek kömegini etdik. Şu gün olar "S7 Howaýollary" uçary bilen Moskwa uçdular" diýip, diplomat aýtdy.
Samoşkiniň sözlerine görä, Eýrandan çykyp, Türkmenistanyň üsti bilen Orsýete girmek mümkinçiliginden peýdalanjak ruslar ilki Eýrandaky rus ilçihanasyna ýüz tutmaly.
"Olar, öz gezeginde, türkmen tarapyna habar berýärler. Diňe türkmen tarapy wiza haýyşyny alanda ýa-da ruslar giriş wizasyny almak üçin serhetde gelende, bize habar berýärler" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Orsýetiň Aşgabatdaky ilçihanasy 2-nji martda, emele gelen ýagdaý sebäpli, Eýrandan gönüden-göni uçup bilmeýänler üçin Türkmenistanyň üsti bilen awtoulagly çykmak mümkinçiliginiň işlenip düzülendigini habar berdi.