Köp çagaly eneler 'propaganda pidasyna öwrülendiklerini' aýdýarlar
Balkan welaýatynyň häkimligi we zenanlar guramasy, polisiýa işgärleri bilen bilelikde, sebitde sekiz we ondan hem köp çagany dünýä getiren eneleri saýlap-seçmek aladalary bilen meşgul, 8-nji mart baýramçylygyna gabat döwlet sylagyna hödürlenjek eneleriň üç arkalary barlanýar diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy habar berýär. Häkimiýetler eneleriň sosial mediada köpleýän şikaýatlaryna 'göz ýumýar'.
Çeşmeleriň maglumatyna görä, sebitde 11 çagany dünýä getiren iki ene hasaba alnypdyr we olara Balkanabat şäherinde 4 otagly kwartiralaryň sowgat berilmegine garaşylýar. Bu çäräni dabaralandyrmak üçin sahna oýunlary, telewideniýe üçin ýazgylar taýýarlanýar.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylar ilatyň indi, ykdysady kynçylyklaryň, ýyl-ýyldan agyrlaşýan durmuş meseleleriniň daşyndan, döwlet propagandasynyň hem “pidasy bolýandyklaryny” aýdýarlar.
8 çaga dogrup, döwletden jaý kömegini däl, Türkmenistandaky ýer bolçulygynda “hatda mellek ýerini almak hem juda kyn bolmagynda galýar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşleri aýdýar.
Köp çagaly eneleriň 'ajy hakykaty'Anonimlik şertinde gürleşen eneleriň tassyklamagyna görä, adamlaryň ulanýan sözleri bilen aýtsak, “hökümetiň ikiýüzli syýasaty sebäpli”, “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan eneler hem wada berlen sosial goldawy alyp bilmeýärler. “Bu ajy hakykat” diýip, bir ene aýtdy.
2023-nji ýylda “Ene mähri” adyna eýe bolan, hökümetiň sowgat beren altyn zynjyryny boýnuna dakan balkanabatly ene (ady redaksiýada bar) berlen sowgatlaryň telewideniýe ýazgysyndan soň yzyna alynýandygyny aýtdy.
“Berlen sowgatlar we altyn zynjyry diňe çäre gutarýança meniňki boldy. Altyn zynjyr boýnumyza dakylgy durdy. Çäre we telewideniýe üçin ýazgy, surata düşürmek tamamlanan badyna, zenanlar guramasynyň hünärmenleri berlen sowgady we altyn zynjyry ellerimizden ýygnap aldylar. Biz öýümize diňe 30 manatlyk gül çemeni bilen gaýtdyk” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Bu aýdylýanlary başga-da birnäçe ene tassyk etdi. “Ene mähri” ady berleli bäri bäş ýyl geçen ene, 8 çagam bar, jaý meselämi çözüň diýip, Balkanabat şäher häkimligine beren arzasynyň kanagatlandyrylmandygyny gürrüň berdi.
Şeýle-de, ol sebitiň Zenanlar guramasyndan 5 otagly kottež jaýlardan almaga kömek bermeklerini sorapdyr.
“Olar menden 200 müň manat para soradylar. Diýilýän puly berseň, kottež jaýyny döwlet bahasyndan, 30 ýyllyk ipoteka almak esasynda edinmäge kömek edeli diýdiler" diýip, söhbetdeşimiz aýtdy. Bu enäniň ady onuň howpsuzlyk aladalary sebäpli aýdylman, redaksiýada saklanýar.
Aýal-gyzlary 'ala tutýan' 60 manat sowgadyAzatlyk bilen söhbetdeş bolan eneleriň aýtmaklaryna görä, prezidentiň adyndan, 8-nji marta gabat berilýän 60 manat sowgat häzir bazardaky azyk bahalary bilen 350 gram çylka et, 2 litr günebakar ýagyny, 1 kg apelsin, 50 gramlyk awokado,1 kilo towuk etini almaga ýetýär.
Eneler bu sowgadyň hem diňe býujet edaralarynda işleýän zenanlara, mekdepde okaýan gyzlara berlip, kärende ýerlerinde işleýän, pagta, bugdaý ýetişdirýän zenanlara, işsiz, emma öý hojalygynda agyr işleri edýän zenanlara berilmezliginden 'örän nägile' bolýarlar.
Türkmenistan 2008-nji ýylda, ýurtda giň ýaýran neşekeşlik, işsizlik, türmä basylýanlaryň we bozulýan maşgalalaryň aşa köpelmegi bilen baglylykda, Sowet Soýuzynda demografiýa meselelerini çözmäge gönükdirilen "Gahryman ene" medalynyň nusgasynda, "Ene mähri" hormatly adyny döretdi we köp çaga edinjek maşgalalary höweslendirmek çärelerini gördi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saparmyrat Nyýazow döwründe ýatyrylan pensiýa, kömek we çaga pullaryny dikeltmegi, sekiz çagaly maşgalalara jaý kömegini bermek wadalary hem ýurduň ýüzbe-ýüz bolýan ýiti demografiýa meseleleri bilen baglydy diýip, synçylar aýdýar.
Emma ýurtdaky sosial meseleleriň has çylşyrymlaşmagy, ykdysady çökgünligiň çuňlaşmagy we korrupsiýanyň giň ýaýramagy bilen, köp çaga edinmek isleýän maşgalalar örän azalýar, çykgynsyz ýagdaýdaky eneleriň jaý edinmek üçin daşary ýurtlara işlemäge gitmeginiň köpelmegi, sosial ulgamlar arkaly prezidente ýüz tutýan adamlaryň köpelmegi hem ýagdaýyň çylşyrymlydygyny tassyklaýar.
Maglumat üçin aýdylsa, şu aralykda sosial ulgamlarda köp çagaly Raisa Aliýewanyň Türkmenabatda 10 ýyl bäri jaý kömegini alyp bilmeýändigi barada habar çykdy.
Türkmen häkimiýetleri bu hili faktlara açyk reakisý bildirmeýärler we adatça kömek soralýan wideolaryň aýrylmagyny talap edýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.