World News in Turkmen

Lebapda balkanly esgeriň tarpa-taýyn ölmegi bilen bagly derňew geçirilýär, onuň hammamda asylgy ýagdaýda tapylandygy aýdylýar

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki harby bölümde çagyryş boýunça hökmany harby gulluk borjuny ýerine ýetiren balkanly esgeriň tarpa-taýyn aradan çykmagy bilen bagly derňew geçirilip başlandy.

Azatlyk Radiosynyň harby çeşmeleri merhum esgeriň jesediniň hammamda asylgy ýagdaýda tapylandygyny, ýöne onuň öz janyna kast edendiginiň ýa-da etmändiginiň heniz hem anyk belli däldigini 16-njy martda sebitden habar berdiler.

“Merhum esger mart aýynyň 10-da Türkmenabadyň harby bölüminden Balkan welaýatynyň Hazar şäherçesindäki öýüne eltilip, hossarlaryna tabşyrylandan soň, olar esgeriň boýnunda gök tegelek tegmil görüp, onuň öz ajaly bilen ölmändigi barada netije gelýärler. Şondan soňra olar merhum esgeriň ölüminiň sebäbiniň derňelmegini talap edýärler we esgeriň ölümi derňelip başlanýar” diýip, harby çeşmämiz aýtdy.

Ýatlatsak, Balkanyň Hazar şäherçesiniň (ozalky ady Çeleken) ýaşaýjysy bolan esgeriň 9-njy martda esger hammamyna girenden soň, yzyna çykmandygyny we soňra onuň ölendiginiň mälim edilendigini, biri-birinden habarsyz, aýrybaşga sebitlerdäki iki harby çeşmämiz habar beripdi.

Şonda çeşmelerimiz esgeriň “zäherlenmeden ölendiginiň” dilden mälim edilendigini, ýöne onuň ölümi bilen bagly esgerleriň we harbylaryň arasynda dürli gep-gürrüňleriň ýaýraýandygyny hem aýdypdylar.

Çeşmelerimiziň maglumatyna görä, derňewiň çäginde Türkmenabadyň artilleriýa harby bölümindäki serkerdeleriň we esgerleriň ençemesi soraga çekildi we merhum esgeriň gulluk eden döwründe kemsitmelere, urlup-ýenjilmelere we sütemlere sezewar bolandygynyň üsti açyldy.

“Merhum esger öňden harby tälimli we tejribeli seržantlar we starşinalar tarapyndan basyşlara we urlup-ýenjilmelere, sütemlere duçar bolýar. Ol dürli işleri berjaý etmäge, şol sanda hajathanany, ýatakhanany arassalamaga mejbur edilipdir. Şeýle-de, olar esgere egin-eşiklerini ýuwduryp, ony kemsitmelere sezewar edipdirler. Bu sütemlere döz gelmän, esgeriň hammama girip, öz bil kemerini boýnundan geçirip, asyp, öz janyna kast edendigi aýdylýar” diýip, çeşmämiz belledi.

Şol bir wagtda, çeşmelerimiz merhum esgeriň jesediniň hammamda asylgy ýagdaýda tapylandygyny, ýöne onuň öz janyna kast edendiginiň ýa-da etmändiginiň heniz hem anyk belli däldigini hem nygtadylar.

“Başda wakany gizlemek maksady bilen, ‘ýüregi durdy, iýmitden zäherlenipdir’ diýlen myş-myşlar ýaýradyp, jenaýaty basyrjak bolmagy, harby bölümiň serkerdesine başartmandyr. Häzirki wagt Türkmenabat prokuraturasynyň harby jenaýatlary derňeýän sülçüleri tarapyndan bu waka bilen bagly gozgalan iş derňelip, merhum esgere sütem görkezen esgerler bilen deslapky iş alnyp barylýar” diýip, harby çeşmämiz belledi.

Çeşmelerimiz bu iş bilen bagly anyk näçe esgeriň we harbynyň saklanandygyny we olaryň soňky ykbalyny häzirlikçe anyklap bilmediler. Ýöne olar derňew bilen bagly maglumatlary toplamagy dowam etdirýärler.

Azatlyk bu waka boýunça agzalýan harby bölümden, Lebap welaýat Polisiýa müdirliginden we prokuraturasyndan telefon arkaly resmi teswir almaga synanyşdy. Redaksiýamyzyň 16-njy martda eden jaňlaryna diňe Türkmenabat şäher prokuraturasy jogap berip, telefona jogap beren wekil “bu işe kimiň seredýändigini bilmeýändigini, hiç zat bilmeýändigini” aýtmak bilmek çäklendi.

Çeşmelerimiz merhum esgeriň geçen ýylyň oktýabr aýynda güýzki harby çagyryş boýunça Balkanyň Hazar şäherçesiniň harby wekilligi tarapyndan gulluk borjuny berjaý etmegi üçin çagyrylandygyny we onuň Türkmenabatdaky artilleriýa harby bölüminde karantin geçendigini hem aýtdylar. Şondan soň ol bu ýerde harby kasam kabul edip, gulluga başlapdyr.

Türkmenistanyň goşunynda saglyk ýagdaýyndan, şol sanda keselçilikden, urlup-ýenjilmelerden ýa-da beýleki sebäplerden ölýän, özüni heläkleýän ýa-da maýyp bolýan esgerler we olaryň sany baradaky maglumatlar ilat köpçüligine aç-açan mälim edilmeýär.

Ýöne Azatlygyň habarçylary, harby çeşmeleri we türkmenistanlylar, şeýle-de garaşsyz neşirler hökmany gulluk borjuny berjaý edýän esgerleriň tarpa-taýyn aradan çykmagy bilen bagly wakalar barada habar berip gelýärler.

Ýerli synçylaryň, harbylaryň we öňki esgerleriň ençemesi Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde dedowşina, agalyk praktikasynyň saklanyp galýandygyny, esgerleriň eden-etdiliklere, parahorluga, zorluga, şol sanda ýenjilmelere sezewar edilmegi bilen wakalaryň köp bolýandygyny aýdyp gelýär. Olar bularyň köplenç betbagtçylykly netijelere, esgerleriň urgulardan heläk bolmagyna ýa-da olaryň kemsitmelere çydaman, özüni heläklemegine getirýändigini belleýärler.

Mundan başga-da, soňky ýyllarda türkmen goşunyndaky esger ýetmezçiliginiň saglyk ýagdaýy sebäpli harby gulluk borjuny berjaý edip bilmeýän raýatlaryň hem gulluga alynmagyna getirendigi barada habarçylarymyz maglumat berip gelýärler.

Ýurtda gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejede bolmagy ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýändigini tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri, şol sanda harby resmileri öz çykyşlarynda goşundaky problemalary agzamaýarlar.

Türkmenistanda harby gulluk 18-27 ýaş aralygyndaky erkek raýatlar üçin hökmany hasaplanýar. Türkmenistanyň kanunçylygy çagyryşa degişli raýatlar üçin alternatiw raýat gullugy mümkinçiligini hödürlemeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте