World News in Turkmen

Iri şahly mallaryň haram ölmegi bilen bagly ýagdaýlar Lebapda hem köpeldi

Lebap welaýatynda iri şahly mallaryň arasynda näbelli kesel ýaýrap, sygyrlaryň köpçülikleýin ölmegine sebäp bolýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň gündogar sebitdäki ýagdaý barada beren maglumaty Balkan welaýatyndaky mal keseli barada habarlaryň yzýanyna gabat geldi.

Sygyrlaryň köpçülikleýin gyrylmagyna sebäp bolýan kesel Çärjew etrabynda we onuň düzümine girýän öňki Farap etrabynda, şeýle-de Dänew, Saýat we Hojambaz etraplarynda ýüze çykypdyr.

Azatlyk Radiosy bilen 26–30-njy mart aralygynda söhbetdeş bolan ýaşaýjylar mallarynyň arasynda ýaýraýan keseliň nämedigini anyk bilmeýändigini aýdyp, oňa il içinde mama diýilýändigini gürrüň berdiler.

Olaryň sözlerine görä, keselleýän mallaryň kellelerinde we bedeninde uly gara tegmiller peýda bolýar. Şeýle alamatlar ýüze çykandan soň, mallar birnäçe günüň dowamynda ölýär.

Çärjew etrabynyň Guşçulyk, Orazaly we Ýaňyaryk obalarynda käbir mal eýeleriniň keselden ölen mallarynyň jesetlerini pagta meýdanlarynyň gyralaryna taşlamagy ýa-da suw akabalaryna zyňmagy ýaly hadysalar bolýar diýip, çeşmeler ýerli ýaşaýjylaryň munuň öňüni almaga synanyşýandygyny gürrüň berdi.

"Goňşym ýakynda şeýle ýagdaýlaryň birine duş gelip, keselden ölen maly meýdana taşlan adamy tutup, polisiýa tabşyrdy. Oňa administratiw jerime salyndy. Emma suw akabalaryna jeset zyňýanlary anyklamak heniz başardanok" diýip, oba ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Lebapda iri şahly mallaryň köpçülikleýin kesellemegi Balkan welaýatynda hem sygyrlaryň keselden köpçülikleýin ölýändigi baradaky habarlaryň yzýanyna gabat geldi. Emma welaýatlaryň ikisindäki ýagdaýlar ne sebit häkimiýetleri ne-de ýurt häkimiýetleri tarapyndan agzaldy. Döwlet mediasynda hem habar bolmady.

Emma mal keseli bilen ýüzbe-ýüz bolan welaýat ýaşaýjylary öz saglygyndan howatyr edýärler. Olar ölen mallaryň degişli tertipde ýok edilmeýändigine ünsi çekýärler. Olaryň sözlerine görä, çüýreýän jesetleriň ysy obalara ýaýrap, sanitariýa ýagdaýyny ýaramazlaşdyrýar.

"Biz häkimiýetlere ýüz tutup, ölen mallary ilatly ýerlerden daşda ýörite çukurlarda gömmek ýa-da degişli gulluklaryň gatnaşmagynda ýok etmek barada teklip etdik. Emma birnäçe gündür diňe 'ertir' diýen jogap alýarys" diýip, Çärjew etrabynyň ýaşaýjysy aýtdy.

Alada artýarHäkimiýetleriň dymmagynyň arasynda keseliň ýaýramagynyň dowam etmegi oba ýaşaýjylaryny alada goýýar we keseliň beýleki öý haýwanlaryna, maýda şahly mallara we hatda adamlara hem ýokuşmak ähtimallygyndan howatyrlandyrýar.

"Obalarda weterinar tapmak kyn. Goňşy obadan bir weterinar bilen gürleşenimizde, ol 'toýnakly jandarlaryň ählisi bu kesele sezewar bolup biler' diýip aýtdy" diýip, Saýat etrabynyň ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Dänew, Hojambaz we öňki Farap etraplarynda maldarlar uly ykdysady ýitgilere sezewar bolýandyklaryny aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, bir iri şahly malyň ölmegi azyndan 10 müň manat möçberinde zyýan ýetirýär.

Sygyrlaryň kesellemeginiň fonunda welaýatda etiň bahasy üýtgemedi we bir kilogramyna 120 manat derejesinde saklanýar diýip, habarçymyz belledi.

Geçen hepde Balkan welaýatynda iri şahly mallaryň köpçülikleýin keselden ölmegi bilen bagly ýagdaýlaryň arasynda sebit bazarlarynda etiň bahasy üýtgäpdi. Azatlyk Radiosynyň Balkandaky habarçysy etiň gytalandygyny, bazarlarda çylka etiň bir kilogramynyň 160 manada çenli gymmatlap, onuň içine düýe etiniň goşulyp satylýandygyny 27-nji martda habar beripdi.

Sygyrlaryň haram ölmegi bilen bagly ýagdaýlar, hususan-da, Balkanabadyň töweregindäki obalarda we Bereket, Esenguly we Magtymguly etraplarynda köpelipdi. Bu ýagdaý ýerli häkimiýetler tarapyndan agzalmady, emma welaýatynyň çagalar baglarynda etli nahar bişirmek gadagan edildi. Bu barada ýagdaýdan habarly çeşmeler Azatlyga anonimlik şertinde habar berdi.

Azatlyk Radiosy Balkan we Lebap welaýatlarynyň häkimiýetlerinden we weterinariýa resmilerinden teswir alyp bilmedi.

Başga ýurtlardaky ýagdaýMallaryň keselden ölmegine degişli ýagdaýlar soňky aýlarda goňşy ýurtlarda hem boldy. Gazagystanda fewral aýynda Akmola we Atyrau sebitlerinde ýüzlerçe sygyryň ölendigi habar berildi. Gazak metbugatyna görä, esasy sebäpleriň arasynda ýokanç keseller, iým ýetmezçiligi, howa şertleriniň ýaramazlygy we weterinariýa gullugyndaky kynçylyklar agzaldy.

Russiýada şu aýyň başyndan bäri hojalyk mallary köpçülikleýin ýok edilýär. Powolžýe we Sibir regionlarynda häkimiýetler guramaçylykly alyp barýan çärelerini pasterellyoz we guduz keseliniň ýaýramagy bilen baglanyşdyrýarlar. Media maglumatlaryna görä, çäreler resmi dokument görkezmezden geçirilýär we käbir ýagdaýlarda mallar öňünden barlag geçirilmezden ýok edilýär. Bu ýagdaý fermerleriň protest bildirmegine sebäp boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте