ABŞ-nyň harby potratçysy Bagdat türmesinde gynalanlara $42 million tölär
ABŞ-nyň emin agzalary 12-nji noýabrda ABŞ-nyň goranmak potratçysyna Abu Graýb türmesinde gynalan üç yrakla 42 million dollar jerime tölemegi buýurdy. CACI, düýbi Wirjiniýada ýerleşýän harby potratçy 2003-nji we 2004-nji ýyllarda türmede bolan gynamalara we nädogry çemeleşmelere goşan goşandy üçin jogapkär hasaplandy diýip, Konstitusiýa hukuklary merkeziniň çap eden habarynda aýdylýar. Emin agzalary CACI-niň Bagdadyň Abu Graýb türmesinde ABŞ harbylary bilen bilelikde işlän raýat derňewçileriniň işi üçin jogapkärçilik çekmelidigini aýtdy. Читать дальше...