World News in Turkmen

Täjigistanyň ilkinji saýlanan prezidenti Rahmon Nabiýewiň aýaly ýangynda wepat boldy

Täjigistanyň ilkinji saýlanan prezidenti Rahmon Nabiýewiň aýaly ýurduň demirgazygyndaky öýünde ýangynda heläk boldy.


80 ýaşly Mariam Nabiýewanyň garyndaşlarynyň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, ol 28-nji dekabrda Hujand şäherindäki öýünde bolan ýangynyň tüssesinden wepat bolupdyr.


AÝ/AR-nyň Hujand şäherindäki habarçylary 29-njy dekabrda Nabiýewanyň jaýynyň içinde adam öldürmek we bilkastlaýyn otlamak boýunça iş alyp barýan derňewçileriň işländigini habar berdiler.


Emma häkimiýetler ýangynyň sebäpleri barada resmi kommentariý bermediler.


Rahmon Nabiýew 1991-nji ýylyň noýabr aýynda Täjigistanyň Sowet Soýuzyndan garaşsyzlygyny yglan edenden soň ýurduň prezidenti wezipesine saýlanypdy.


1992-nji ýylyň sentýabr aýynda Nabiýew syýasy garşydaşlarynyň basyşy astynda wezipesinden çekilipdi. Onuň wezipeden çekilmegi 1992-nji ýylyň mart aýynda başlanan graždan uruşynyň dowamyna gabat geldi. 100 müň adamyň ölümine getiren graždan urşy 1997-nji ýylyň iýun aýyna çenli dowam edipdi.


Rahmon Nabiýew 1993-nji ýylyň 11-nji aprelinde ýüreginden tutup ýogaldy.

Читайте на сайте