World News in Turkmen

Mattis: ABŞ-nyň Ukraina berýän täze ýaraglary Moskwany alada goýmasyn

ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis Birleşen Ştatlaryň Ukrainadaky roly üýtgemeýär diýdi we ABŞ-nyň geçen hepde Kiýewi täze ýaraglar bilen üpjün etmek kararyna gelmeginiň Orsýeti alada goýmaly däldigini belledi.


"Eger-de Ukrainany birleri basyp almak islemese, munuň hiç bir uly täsiri bolmaz öýdýärin. Olar goranyş ýaraglary” diýip, Mattis 29-njy dekabrda, ABŞ-nyŇ Döwlet departamenti 22-nji dekabrda Ukrainanyň “güýçlendirilen goranyş mümkinçiliklerini” goldamakkararyny yglan edeli bäri aýdan ilkinji sözlerinde belledi.


Moskwa bu çäräni ýazgardy we onuň “çyzykdan geçmek”, şeýle-de “görnetin[Ukrainany] täze gan döküşmäiteklemek” bolandygyny aýtdy.


Birleşen Ştatlar Ukraina beriljek täze ýaraglaryň anyk nähili ýaraglar boljakdygyny aýtmady. Emma ABŞ mediasy Kiýewe beriljek ýaraglaryň arasynda “Javelin” anti-tank raketalarynyň hem bardygyny habar berýär. Ukraina ABŞ-dan bu ýaraglaryň berilmegini haýyş edipdi. 


Mattis Ukraina täze ýaraglaryň berilmegi ABŞ-nyň ol ýerdäki gatnaşygyny giňeltmegiň hiç bir planyny nazarda tutmaýar diýdi. 

Читайте на сайте