World News in Turkmen

ABŞ, Orsýet dünýäniň esasy ýarag söwdegärleri bolmagynda galýar

Birleşen Ştatlar dünýäniň esasy ýarag söwdegäri bolmagynda galýar we onuň geçen bäş ýylyň dowamynda satan ýaragy global ýarag söwdasynyň 34%-ni emele getirýär diýlip, täze barlaglarda aýdylýar.


Stokholmyň halkara barlaglar institutynyň (SIPRI) 11-nji martda çap eden maglumatyna görä, Orsýet ýarag eksportynyň möçberi boýunça dünýä derejesinde ikinji ýerde barýar.


ABŞ-nyň ýarag söwdasynyň möçberiniň 2008-2012-nji ýyllaryň görkezijilerinden 30% ýokarlanandygyny SIPRI aýdýar.


ABŞ-nyň ýaragy dünýäniň azyndan 98 ýurduna satylýar, onuň esasy bölegini söweş we transport uçarlary emele getirýär diýlip SIPRI-niň maglumatynda bellenýär.


Şeýle-de, barlaglar toparynyň bellemegine görä, Orsýet dünýäniň 47 ýurduna we Ukrainanyň gündogarynda Moskwa tarapyndan goldanýan separatistlereýarag satýar. Umuman, Orsýetiň ýarag söwdasynyň möçberi ozalky bäş ýyllyk döwür bilen deňeşdirilende 7% pese gaçypdyr.


Fransiýa ýarag eksporty boýunça dünýä derejesinde üçünji ýerde durýar we global ýarag söwdasynyň 6.7%-ni emele getirýär, onuň yzyndan Germaniýa we Hytaý barýar.

Читайте на сайте