World News in Turkmen

Müsüriň Aleksandriýa şäherinde bolan partlamada iki adam öldi

24-nji martda Müsüriň ikinji iň uly şäheri Aleksandriýada ulagyň aşagyna ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde iki adam, şol sanda polisiýa ofiseri öldi.


Aleksandriýanyň howpsuzlyk polisiýasynyň başlygy general-maýor Mostafa al-Nemriň nyşana alnandygy ýaly bolup görünýän partlamada başga-da dört polisiýa ofiseri ýaralandy diýip, Müsüriň Içeri işler ministrligi aýtdy.


“Partlama Aleksandriýanyň Howpsuzlyk direktoratynyň başlygy geçip barýan mahaly, Roşdi etrabynda boldy” diýip, ministrligiň beýanatynda bellenilýär.


Müsüriň döwlet eýeçiligindäki “al-Ahram” gazetiniň Aleksandriýanyň howpsuzlyk departamentine salgylanyp ýazmagyna görä, wakada Nemre zeper ýetmändir.


Bu hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.

Читайте на сайте