World News in Turkmen

Ozalky gyrgyz premýer-ministri soraga çekildi

Gyrgyzystanyň ozalky premýer-ministri Sapar Isakow geçen ýyl paýtagt Bişkegiş ýyladyş ulgamynda ýüze çykan näsazlyklar sebäpli, derňewçiler tarapyndan sorag edilendigini aýtdy.


Şu aýyň başynda prezidenti Sooronbaý Jeenbekow tarapyndan wezipesinden boşadylan Isakow ýurduň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetinde şaýat hökmünde bir sagada golaý wagt sorag edilendigini mälim etdi. Ol bu barada žurnalistlere maglumat berdi.


Isakow jikme-jik maglumatlary bermän, “ähli zat oňat” diýmek bilen çäklendi.


Isakow we onuň hökümeti parlamentdäki ynamsyzlyk çagyryşyndan soň, 19-njy aprelde häkimiýetden çetleşdirilipdi.


 

Читайте на сайте