World News in Turkmen

Türkmenistan Konstitusiýa we  Döwlet baýdagy gününi belledi

Türkmenistan 18-nji maýda  ýurduň Konstitusiýasynyň we  Döwlet baýdagynyň gününi belledi.  Aşgabatda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň  gatnaşmagynda  Konstitusiýa binasyna hem-de Baş tuga gül goýmak dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.


Döwlet baştutanynyň baýramçylyk mynasybetli halka iberen gutlagynda  “Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet, adalatly raýat jemgyýeti, parahatçylyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk baradaky milli düşünjelerimizi özünde jemleýän Konstitusiýamyz... dünýä ýaň salýan abraýymyz we mertebämizdir” diýilýär.


Türkmenistanyň Baş kanunynyň 2016-njy ýylyň sentýabrynda kabul edilen rejelenen görnüşi prezidentlik möhletini 5 ýyldan 7 ýyla çenli uzaltdy we prezidentlige kandidatyň aňry ýaş çägini aýyrdy. Synçylar bu çäräniň ýurtda ömürlik prezidentlige ýol açmagyndan alada bildirdiler.


Şol bir wagtda halkara hukuk guramalary Türkmenistany öz Baş kanunynda kepillendiren adam hukuklaryny hormatlamazlykda, esasy adam hukuklaryny, şol sanda söz, metbugat, din, hereket azatlyklaryny yzygiderli basgylamakda, hökümetden aýry jemgyýetçilik guramalarynyň, raýat aktiwistleriniň, hukuk goraýjylaryň işlerini çäklendirmekde yzygiderli tankyt edýärler.

Читайте на сайте