Hytaýyň prezidenti Pakistanyň we Hindistanyň ŞHG-a goşulmagyny gutlap, 'agzybirligi' öwýär
Hytaýyň prezidenti Si Jinping ýurduň demirgazygyndaky Kingdao portunda işe başlan sammitde Pakistany we Hindistany Hytaý bilen Orsýet tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän syýasy hem-de ykdysady bileleşige, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna girizdi.
Si 10-njy iýunda Pakistanyň prezidentiMamnoon Hussain bilen Hindistanyň premýer-ministriNarendra Modiniň bu ýygnanyşyga goşulmagyny gutlap, olaryň bu ýerde bolmagynyň “ägirt uly taryhy ähmiýetini” belledi.
"Agza döwletleriň köp bolmagy guramanyň has güýçli bolmagyny, şonuň bilen birlikde-de oňa has uly üns berilmegini, regional ýurtlaryň adamlarynyň we halkara jemgyýetçiliginiňondan garaşýan zatlarynyň has uly bolmagyny aňladýar” diýip, Si aýtdy.
Pakistan we Hindistan bu ykdysady bileleşige geçen ýyl goşuldy. Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy mundan ozal Hytaýdan we Orsýetden, Gazagystandan, Gyrgyzystandan we Özbegistan durýardy. Owganystan, Belarus, Eýran we Mongoliýa bu gurama synçy hökmünde gatnaşýar.
Si 9-njy iýunda sammiti açyp, ŞHG-nyň bu çäresindäki “agzybirligi” öwdi.