World News in Turkmen

Oppozisiýa Makedoniýanyň täze adyna garşy çykyşlaryny dowam etdirýär

Günbatar liderleriniň Makedoniýanyň ady boýunça Gresiýa bilen dawasyna degişli meselede makullaýjy çykyş edýän wagtynda ýurtlaryň ikisiniň-de liderleri ylalaşygy milli parlamentlerden geçirmekde kynçylyga duçar bolýarlar.


Ylalaşygyň tankytçylary ýurtlaryň ikisinde-de ýöriş geçirip, 12-nji iýunda ylalaşygyň tassyklanmagyna garşy çykyşlaryny dowam etdirmegi wada berdiler.


“Şu günki gün Makedoniýa Respublikasy üçin agyr gündir” diýip, Makedoniýanyň oppozision partiýasynyň (VMRO-DPMNE) prezidenti Hristiýan Miçkoski aýtdy we ýurduň Demirgazyk Makedoniýa adyna eýe bolmagyny “galp ýeňiş” diýip atlandyrdy.


Miçkoski premýer-ministr Zoran Zaewiň Gresiýanyň öňünde “kapitulýasiýa” edendigini aýtdy.


Gresiýada hem oppozisiýa hökümeti tankyt edip, onuň demirgazyk goňşusyna Makedoniýa adyny ulanmaga rugsat bermegini ýazgardy.

Читайте на сайте