World News in Turkmen

Aşgabatda Nury Halmämedowyň 80 ýaşyna gabatlanan festiwal geçirilýär

Aşgabatda türkmen kompozitory Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämedowyň 80-njy ýubileýine bagyşlanan festiwal geçirilýär.


“Nury Halmämedowyň sazy – zamanlaryň dowamly heňi” atly festiwalyň açylyş dabarasy barada 19-njy iýunda türkmen mediasy habar berdi.


Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämedowyň 80 ýaşyna gabatlanan medeni çäreleriň brnäcesi Orsýetiň paýtagtynda geçirildi.


Moskwada geçirilen ýubileý dabaralarynyň biri 28-nji martda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Russiýadaky ilçihanasynyň howandarlygynda, beýlekisi 26-njy maýda Moskwanyň döwlet konserwatoriýasynda boldy.


Geçen ýylyň noýabr aýynda Moskwada Nury Halmämmedowa bagyşlanyp "Dutaryň owazy" atly 3-nji halkara sungat festiwaly geçirilipdi.


1983-nji ýylda aradan çykan Nury Halmämedow türkmen saz klassikasyna giren “Dutaryň owazy” we “Keçpelek” ýaly onlarça eseriň awtorydyr.


 

Читайте на сайте