World News in Turkmen

Russiýa Siriýadaky himiki hüjüm bilen baglylykdaky hasabatdan öň, ABŞ-ny tankytlady

Russiýa ABŞ-ny we onuň ýaranlaryny delilleri galplaşdyryp, Siriýa hökümetini parahat ilata garşy himiki ýaraglary ulanan ýaly edip görkezmekde aýyplady.


Russiýanyň goranmak ministrlginiň resmisi, radiasiýa, himiki we biologiki goranyş güýçleriniň kommandiri Igor Kirillow 4-nji aprelde Siriýanyň Khan Şaýkhun şäherine amala aşyrylandygy aýdylýan hüjümiň “[Siriýanyň kömek topary] Ak Kaskalar we olaryň howandarlary tarapyndan edilen prowokasiýa bolandygyny” aýdyp, çykyş etdi.


Günbatar ýurtlary we BMG-niň himiki ýaraglar boýunça inspektorlary azyndan 74 adamyň ölümine we 550-niň ýaralanmagyna getiren hüjümi Siriýa hökümet güýçleriniň amala aşyrandygyny aýdýarlar.

Читайте на сайте