World News in Turkmen

Özbek resmileri terrorizmde aýyplanýan ABŞ raýatyny azatlyga goýberdi

Özbek häkimiýetleri terrorist toparlara goşulmakda we Owganystanda yslamçy jeňçileriň hatarynda söweşmekde güman edilip tussag edilen ABŞ-nyň raýatyny azatlyga goýberdi.


Zokir Aliýew Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde özüniň şenbe güni tussaglykdan boşadylandygyny, emma derňew dowam edýänçä Özbegistanyň çäklerinden çykmaly däldigini hem aýtdy.


Aliýew 16-njy iýunda özüniň dogduk Karşi şäherine geleninden birnäçe sagatdan soň, tussag edilipdi.


18-nji iýunda Özbegistanyň Döwlet howpsuzlyk gullugy Aliýewiň terroristik aýyplamalary esasynda tussag edilendigini, şeýle-de onuň 2000-nji ýylda Özbegistanyň Yslam Hereketi toparyna goşulandygyny, mundanam başga Owganystanda hökümet we NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçlerine garşy hüjümleri amala aşyrandygyny öňe sürüpdi.


46 ýaşly Aliýew Azaltyk Radiosyna özüniň hiç haçan Owganystanda bolmandygyny, şeýle-de yslam ekstremistlerini goldamaýandygyny aýtdy. Ol özüniň 1990-njy ýyllarda ýurtdan çykyp gaýdandygyny, indi bolsa öz dogduk ýerlerini görmäge gelendigini hem sözüne goşdy.


Özbegistanyň Yslam Hereketi topary ençeme ýurtda, şol sanda Özbegistanda, ABŞ-da, Britaniýada we Russiýada terrorist topar hökmünde ykrar edilip, gadagan edilendir.


Aliýew ABŞ-da hususy salgyt kompaniýalarynyň birinde işleýär.

Читайте на сайте