World News in Turkmen

Kreml Putin-Tramp sammitinde Krymyň maslahat edilmejekdigini aýdýar

Kreml rus prezidenti Wladimir Putiniň ABŞ-ly kärdeşi bilen gepleşikleriniň dowamynda “ähli” meseleler boýunça umumy nokady tapmaga taýýardygyny, emma Krym meselesiniň muňa degişli däldigini aýtdy.


2014-nji ýylda Russiýa Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp alypdy.


Putin bilen ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 16-njy iýulda Helsinkide duşuşmaly.


Moskwa bilen Waşingtonyň gatnaşyklary Russiýanyň Krymy basyp almagy, Siriýadaky we Ukrainanyň gündogaryndaky konfliktlerdäki roly, ABŞ-nyň prezidentlik saýlawlaryna gatyşandygy baradaky aýyplamalar sebäpli, dartgynlaşypdy.


Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow: “Putin Krymyň Russiýanyň aýrylmaz bölegidigini, şeýle-de bu baradaky meseläniň hiç haçan gün tertibine getirilmejekdigini ençeme gezek aýdypdy we düşündiripdi” diýip, çykyş etdi.

Читайте на сайте