World News in Turkmen

Ermenistan öňki prezidentiň doganyna maliýe aýyplamalaryny bildirdi

Ermeni häkimiýetleri ozalky prezident Serž Sargsýanyň doganyna garşy maliýe jenaýatçylygy aýyplamalaryny resmi taýdan bildirendiklerini aýtdylar.


Ermenistanyň Ýörite derňew gullugy 7-nji iýulda beýanat çap edip, Lewon Sargsýanyň, onuň ogly Neregiň, gyzy Aniniň bikanun telekeçilik işlerini alyp barmakda aýyplanandygyny aýtdy.


Ataly-gyz Lewon bilen Ani Sargsýanlar galplaşdyrma aýyplamalarynda hem aýyplanýar we sud Lewon Sargsýany tussag astyna almagy buýurdy.


Şeýle-de sud Ani Sargsýanyň öýüniň dökülmegini buýurdy, ýöne onuň dogany bilen, ýurtdan çykmazlyk hakynda dilhaty berseler, suda çenli deslapky tussaghana ýerleşdirilmejekdigi aýdyldy.


Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan 8-nji maýda wezipä saýlanandan soň, korrupsiýa garşy berk göreşmegi wada berdi.

 

Читайте на сайте