World News in Turkmen

Owganystandaky ýer süýşmesi 10 adamy öldürip, 300 jaýy weýran etdi

Demirgazyk-gündogar Owganystanda bolan ýer süýşmesi azyndan 10 adamy öldürip, 300-e golaý jaýy weýran etdi.

 

Pänjşir welaýatyna, 11-nji iýul güni giçlik betbagtçylyk bolan ýere iki dikuçarda halas ediş topary bilen adatdan daşary kömek ugradyldy.


Adatdan daşary ýagdaýlar müdirliginiň sözçüsi Omar Mohammadi halas ediş toparlarynyň 12-nji iýulda Hinj etrabynda heläkçilige uçran adamlary gözlemek bilen meşgullanandygyny aýtdy.


Kabuldan 140 kilometr çemesi demirgazykda ýerleşýän Pänjşir öz garly belentlikleri bilen tanalýan syýahatçylyk künjegi bolup durýar.

Читайте на сайте