World News in Turkmen

Orsýetiň Döwlet dumasy pensiýa ýaşyny ýokarlandyrmak baradaky kanun taslamasyny tassyk etdi

Rus parlamentiniň aşaky palatasy, Döwlet dumasy dowam edýän protestleriň arasynda pensiýa çykmak ýaşyny ýokarlandyrmak baradaky gapma-garşylykly kanun taslamasyny ilkinji okaýyşda tassyk etdi.


Kanun çykaryjylar kanun proýektini 19-njy iýulda 327-102 hasabynda, bir adamyň saklanmagynda, dumanyň daş işiginde 200 çemesi adamyň protest bildirmeginde tassyk etdiler.


Rus hökümetiniň 16-njy iýunda tabşyran teklibi esasynda, pensiýa çykmak ýaşyny kem-kemden ýokarlandyrmak 2019-njy ýylda başlanar.


Taslama görä, erkekleriň pensiýa çykmak ýaşy 2028-nji ýyla çenli 65 ýaşa, aýallaryň pensiýa çykmak ýaşy bolsa, 2034-nji ýyla çenli 63 ýaşa galdyrylar. Häzir erkekleriň pensiýa ýaşy 60 bolsa, aýallaryňky – 55 ýaş. 


Bu plan köp orsýetlini gahar-gazaba çykardy, 1-nji iýula çenli oňa garşy petisiýa 2.8 million adam gol çekdi.

 

Читайте на сайте